«Demirgazyk akymda» adatdan daşary ýagdaý
Anna güni, 30-njy sentýabrda «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy-2» gaz geçirijilerine amala aşyrylan diwersiýalar bilen bagly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi gyssagly mejlis geçirer diýip, dünýäniň habar beriş serişdeleri belleýär.
Sişenbe güni, 27-nji sentýabrda irden, «Gazpromyň» şahamçasy Nord Stream AG kompaniýanyň Baltika deňziniň düýbi bilen Germaniýa «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy – 2» — iki sany gaz geçirijisinde adaty bolmadyk bozulmalar barada habar berdi.
«Bir günde bir wagtda birbada «Demirgazyk akymy» deňiz gaz geçirijileriniň üç şahasynda bolup geçen ýumrulmalar adaty bolmadyk häsiýete eýe» – diýip habarda aýdylýar.
— Gaz geçiriji infrastrukturanyň işe ukyplylygynyň dikeldilmek möhletlerini heniz bahalandyrmak mümkin däl – diýlip bellenilýär.
Şol bir wagtda Daniýanyň we Şwesiýanyň seýsmologlary «Demirgazyk akymy» gaz geçirijisinde bozulmalaryň bolup geçen ýerleriniň töwereginde güýçli partlamalary hasaba aldy.
«Demirgazyk akymlar» bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň sebäbini indi anyklamaly. Umumy ykdysady zyýany hem ölçemek heniz kyn. Kimiň hasabyna turbalaryň abatlanyljakdygy we munuň näçe wagt aljakdygy hem mälim däl. Ýewropada önümçilikleriň togtadylmagy we gazyň aşa ýokary bahalarynyň bolmagy çaklanylýar. ÝB-de bolsa, gaz geçirijiden hemişelik mahrum bolmak howatyrlanmasy bar diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Bökdençlikler «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy – 2-niň» birbada üç şahasynda bolup geçdi. Bu Russiýa üçin hem, ÝB üçin hem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Taraplaryň ikisi hem bilkastlaýyn hereketler we diwersiýa barada aýdýarlar.
Ähli şahalaryň geçirijilik ukyby — 110 mlrd kub metr. Ýewropada gazyň bahasy bolsa häzir müň kub metrine 2000 dollardan geçýär. Gaz geçijileriň ikisi hem partlama bolan wagtynda işledilmeýändigine garamazdan, olarda ýüz millionlarça kub metr tehnologiki gaz toplandy.
Şol bir wagtda Ýewropa häzirden kyn günlere taýýarlyk görýär. Tagesspiegel neşiriniň hökümetde öz çeşmelerine salgylanyp, habar bermegine görä, häkimiýetler «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy – 2» gaz geçirijileriniň üç turbasynyň ulanmak üçin hemişelik mahrum bolunmagyndan howatyrlanýarlar.
Häzir Ýewropa gaz ibermeleri diňe Ukrainanyň çäginden (günde 42 million kub metr) we «Türk akymy» turba geçirijisi arkaly iberilýär. «Demirgazyk akymy» ýewropalylar geosyýasy göreşi aradan aýyrmak we çäklendirmeleri ýatyrmaga derek gaz almak üçin ulanyp bilerdiler. Indi welin, Ýewropa meseläni çözmek we Russiýadan gaz ibermelerini kadalaşdyrmak mümkinçiliginden mahrum boldy. Energo sarp edişli ýüzlerçe ýewropa zawodlary howp astynda durýar. Metallurgiýa we dökün önümçiligi howp astyna düşer — azot dökünlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklaryň 70 göterimi häzir boş dur.
Şeýlelikde, Ýewropada energetika çökgünligi gyşda täze ýiti tapgyryna girer. Russiýa, öz gezeginde, gaz ibermelerinden alyp biljek mümkin bolan girdejilerinden näbelli möhlete çenli mahrum bolýar. RF-niň DIM-inde beýan etmeklerine görä: Moskwa Brýussel bilen bilelikde «Demirgazyk akymlardaky» adatdan daşary ýagdaýy derňemäge taýýar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.