Habarlar

Türkmenistandan Hytaýa 340 mlrd kub metrden gowrak gaz eksport edildi — CNPC-niň prezidenti

https://ussatnews.com/storage/posts/4526/original-1635b5abeb3cc1.jpeg

Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmeklige we ykdysady ösüşe netijeli täsir etdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sizsýun şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara nebitgaz maslahatynda eden onlaýn çykyşynda belledi.

CNPC-niň ýolbaşçysy geljekde HHR-e iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberlerii artdyrmagy meýilleşdirýändigini belledi.

— Geljekde biz türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde iki ýurduň ösüşine we hyzmatdaşlygyna itergi bermek üçin tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini we möçberini giňeltmek boýunça möhüm ylalaşyklary durmuşa geçireris — diýip, CNPC-niň prezidenti belledi.

Siszýunyň bellemegine görä, 2022-nji ýyly iýunynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda bu şertnamalaýyn çäkde täze gazýygnaýjy desga ulanyşa girizildi. Bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly we hereketlendirijisi boldy.

Şol bir wagtda Siszýunyň bellemegine görä, nebit we gaz 2040-njy ýyla çenli energiýanyň esasy çeşmeleri derejesini saklap galar. Bu aýratyn hem energiýanyň pes uglerodly gazylyp alynýan çeşmesi hökmünde tebigy gaza degişlidir.

CNPC-niň prezidentiniň bellemegine görä, «hytaý we türkmen liderleriniň aladalary hem-de goldawy bilen, taraplar känleri işläp taýýarlamakda, tebigy gazyň söwdasynda, inženerçilik gurluşygynda we inžener-tehniki hyzmatlary bermekde, şeýle hem materiallary ibermekde oňat netijeleri gazandylar».

Belläp geçmeli zatlaryň biri, 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça (A, B we Ç) häzirki wagtda ýylda 40 mlrd kub metr töweregi gaz iberilýär.

2022-nji ýylyň sentýabrynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny işjeňleşdirmekligi ylalaşdylar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.