Habarlar

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler

https://ussatnews.com/storage/posts/4791/original-1639c79ef765c6.jpeg

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni «Awazada» geçirilen «Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe» döwlet Baştutanlarynyň Birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

Üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetlerini ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet hem berer diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady. Gürrüň, ozaly bilen, energetika hem-de ulag ýaly strategik ugurlar barada barýar.

Halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler.

Munuň özi köptaraply bähbitleri hasaba almak bilen, bu ulgamlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ülňülerine esaslanmalydyr. Ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Biziň tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki başlangyçlarymyza hut şunuň bilen baglylykda seretmelidiris diýip, türkmen Lideri belledi.

Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda geçen ýylyň ýanwarynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm waka boldy.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki energetika hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze tapgyrydygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi pugta halkara hukuk binýady esasynda bilelikde işlemek üçin örän giň mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Dostluk» ýatagynda bilelikde işlemek barada gazanylan ylalaşyklar özara goýulýan çuňňur hormata, hakyky hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga we birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynýandygyna şaýatlyk edýär.

Öň habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi. Şol sanda, Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.