Gerimli we netijeli gözlegler
Biz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň baş geology Şanazar Anarow bilen habarlaşyp, şanly ösüşlere, taryhy wakalara baý bolan ýylyň geçen aýlarynda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyk.
— Biz ýurdumyzyň ösüşlerine, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna ýardam bermek maksady bilen, degişli barlag-gözleg işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarys. Şonuň netijesinde öňümizde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýäris — diýip, Ş.Anarow gürrüň berýär.
Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak bilen bagly bimöçber işler bitirilýär. Bu babatda möhüm resminamalar kabul edildi. Olaryň arasynda «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama» hem bar. Onuň çäginde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda önjeýli işler berjaý edildi. Şeýle işler häzirki günlerde-de gerimli dowam edýär. Oňa köýtendagly baýlyk agtaryjylar netijeli gatnaşýarlar. Golaýda olar Köýtendag etrabynyň Zarpçy obasynyň ilatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen ýerasty suwlaryň gözleg işleriniň ilkinji tapgyryny tamamladylar. Häzirki wagtda berjaý edilen işler barada hasabat düzülýär. Bu bolsa möhüm işleriň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişmäge pugta esas berer. Işleriň öňe ilerlemeginde toparça başlygy Nurmet Hojaberdiýew, esasy gidrogeolog Ödebike Gurbanowa dagynyň hyzmatlary uludyr.
Edaranyň hünärmenleri gaty magdanlaryň ýataklaryny agtaryp tapmak, olaryň görnüşlerini we gorlaryny takyklamak bilen baglanyşykly işlere hem giň gerim berýärler. Olar tarapyndan Amyderýanyň sag kenaryndaky Kerkiçi şäherçesinden Mekan obasyna çenli aralykda dürli gurluşyk materiallarynyň gözleg işleri geçirildi. Berjaý edilen işler boýunça degişli hasabat düzüldi. Şonuň netijesinde bu meýdançada gurluşyk işleri üçin zerur bolan çägäniň, çaglyň, toýnuň we dolomitiň gorlary kesgitlenildi.
— Ýyly üstünlikli jemlemek bilen birlikde, şu günlerden geljek ýylyň möhüm wezipelerini çözmäge ykjam taýýarlyk görýäris. Öňde durýan wezipeler bolsa örän jogapkärli. Bu ýagdaý bizi has yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär — diýip, Ş. Anarow söhbetdeşligi geljegiň gözýetimlerine syrykdyrýar.
— Geljek ýylda Köýtendag etrabynyň Kelif şäherçesiniň ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmek üçin Kelif ýerasty süýji suwly ýatagyň gor baýlygyny takyklamak üçin jikme-jik barlag işleri geçiriler. Hut şeýle maksatly işler Döwletli etrabynyň Azatlyk geňeşliginiň obalaryny suw bilen üpjün etmek üçin Daşrabat ýerasty süýji suwly ýatagynda hem berjaý ediler. Baýlyk agtaryjylar gaty magdanly ýataklary agtaryp tapmak işlerini hem gerimli dowam etdirerler. Gazanylýan üstünlikde bu toparçanyň ýolbaşçysy Bagtyýar Dawranowyň, geologlar Süleýman Karimowyň, Ruslan Amirkulowyň uly paýlary bar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.