«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi
Ýurdumyzda giňden toýlanan goşa baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 60-njy ulanyş guýusy agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli ýerine ýetirilip, önümçilige girizildi.
Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň awgust aýynda Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerdäki aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze ulanyş guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna ak pata berdi. Guýulary burawlamak «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň nebitgaz korporasiýasynyň CNPC kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda hytaýly hünärmenlere ynanyldy.
Dostlukly döwletiň gazçy hünärmenleri tarapyndan burawlamak işleri üstünlikli geçirilen 60-njy ulanyş guýusyndan ýaňy-ýakynda 4580 metr çuňlukdan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
«Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda ulanyş guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň gurluşykçylary baş potratçy hökmünde ýerine ýetirdiler. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleriniň bellenilen tehnologik talaplara laýyk, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin, ilkinji nobatda, edaranyň tejribeli hünärmenleriniň, ýokary hünär derejeli işgärleriniň jemlenilendigini aýtmak gerek. Edaranyň uly iş alyp baryjysy Meýlis Hommadow, gurnaýjy Maksat Gurbanow, ýokary derejeli kebşirleýji Begenç Kakyşew we beýlekiler gurluşykda has tapawutlanyp zähmet çekdiler.
Bu iri möçberli işe dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen, ýöriteleşdirilen kuwwatly gaz gurluşyk mehanizmleriniň ýeterlik möçberiniň çekilmegi, gurluşygyň gerekli tehnologik enjamlar bilen öz wagtynda doly üpjün edilmegi, şeýle hem gurluşyga kömekçi potratçy edaralaryň gatnaşmagy gurluşyk-gurnama işleriniň bellenilen möhletinde berjaý edilmegine ýardam berdi.
Ulanyş guýusynyň agyz ýakasynda ýokary tehnologiýaly, kuwwatly, döwrebap elektrik we gidrawliki enjamlar oturdylypdyr, optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk, wideogözegçilik serişdeleri ornaşdyrylypdyr.
Gurluşyga kömekçi potratçy bolup gatnaşan «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika», «Türkmengazaragatnaşyk» müdirlikleriniň edaralarynyň, «Türkmengündogarnebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji ýörite gurluşyk-gurnama müdirliginiň 6-njy elektrogurnama meýdançasynyň hünärmenleri bu ýerdäki enjamlary, serişdeleri gurnamak hem-de goýberiş-sazlaýyş işlerini ýokary hilli ýerine ýetiripdirler.
Ulanyş guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama, goýberiş-sazlaýyş işleriniň bellenilen tehnologik talaplara doly laýyk ýerine ýetirilmegine «Marygazçykaryş» müdirliginiň Gaz känlerinde desgalary gurdurmak boýunça merkezi inženerçilik we tehnologik gözegçilik gullugynyň degişli hünärmenleri tarapyndan gündelik gözegçiligiň amala aşyrylandygyny aýtmak gerek.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz ulgamyna-da sanly ulgam pugta ornaşdyrylýar. Bu ulanyş guýusynyň agyz ýakasynda ornaşdyrylan optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk, wideogözegçilik enjamlary «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan 1-nji zawodynyň hem-de gazy ilkinji arassalaýan desgasynyň operatorlaryna guýudan çig gazyň çykarylyşyny hem-de şu ýerdäki ýokary basyşly gaz geçiriji arkaly tebigy gazyň akdyrylmagyny sanly ulgam arkaly dolandyrmaklyga mümkinçilik berer.
— Ulanyş guýularynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, ulanyşa bermekde edaramyzyň hünärmenleri, işçileri indi baý iş tejribesini topladylar. Biz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ozal «Galkynyş» meýdançasyndaky 309-njy ulanyş guýusyny hem önümçilige girizdik. Häzir bolsa şol meýdançadaky 294-nji hem-de 30-njy ulanyş guýularynyň agyz ýakalarynyň gurluşyk-gurnaýyş işlerini alyp barýarys — diýip, 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama edarasynyň başlygy Atajan Sopyýew gürrüň berýär.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.