Uçar ýangyjynyň ekspoty artýar
Türkmenistan Gruziýa uçar ýangyjyny uly möçberde iberýän döwlet bolup durýar. Geçen 11 aýyň içinde bu ýurda reaktiw ýangyjyň 40 müň tonnadan gowragy ugradyldy, bu görkeziji gruzin tarapynyň satyn alan uçar kerosininiň umumy mukdarynyň 80 göterime golaýyny düzdi. Bu barada Gruziýanyň Nebit önümleriniň alyjylar birleşmesi habar berýär.
Türkmenistanyň eýýäm birnäçe ýyl bäri Gruziýa uçar ýangyjyny iberýän esasy döwletleriň sanawynyň başyny çekip, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň nebithimiýaçylary bilen üstünlikli bäsleşýändigini bellemek gerek.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän beýleki nebit önümleri hem uly islegden peýdalanýar. Hususan-da, ýanwar-noýabr aýlarynda biziň ýurdumyzdan Gruziýanyň bazaryna awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň 93 müň tonnadan gowragy baryp gowuşdy.
Ussat news
Döwrüň ruhuna mynasyp seslenýän neşir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ýokary ösüşlerini, durmuşa geçirilen we alnyp barylýan iri taslamalary, ekologiýa meselelerini, halkara we döwlet derejesindäki forumlary, işewürlik duşuşyklaryny we beýleki dürli ugurlaryň möhüm materiallaryny, täzeliklerini hem habarlaryny dessin beýan edip köpçülige ýetirmekde milli habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti bimöçber uludyr.
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi
Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.