Habarlar

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ABŞ-nyň maliýeleşdirmek boýunça geňeşçisi bilen wideoduşuşyk geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/501/original-15ff6c79745068.jpeg

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFС) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna, kiçi we orta işewürlige, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek bilen baglylykda, maliýe, maslahat beriş we tehniki taýdan goldaw bermegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Türkmenistanyň Halkara maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berildi. Amerikaly hyzmatdaşlara bu gazna gatnaşmak teklip edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň innowasion ugrunyň, amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurt kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen oňyn hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ajaýyp şertleri döredýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ösüş gaznasynyň döredilmegi (С5 Fund) bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin garamaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi sebit üçin senagat we ulag düzümlerini, oba hojalygyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ussat news

Başga habarlar
16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.


16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.

16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.