Habarlar

«Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy»

https://ussatnews.com/storage/posts/5006/original-163de95fe68817.jpeg

Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow açdy. Döwlet ministriniň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak üstümizdäki ýylyň ilkinji aýy örän möhüm taryhy wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 21-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi, onda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ösüşler üçin giň gözýetimleri açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy mejlisi ata Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi.

«Türkmennebit» DK-nyň başlygy Guwanç Agajanowyň çykyşy taryhy maslahatda kabul edilen çözgütler barada boldy:

— Mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy netijesinde, Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşi bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrüldi, şeýle-de halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi. Munuň özi mejlise gatnaşyjylarda, tutuş türkmen halkynda, şonuň bilen birlikde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumynyň ähli agzybir işgärlerinde giň goldawa we gyzgyn makullama eýe boldy.

Soňra «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlygy Merdan Rozyýewiň çykyşy diňlenildi:

— Kabul edilen taryhy çözgütler milli demokratiýany has-da kämilleşdirmäge, durmuş-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga itergi berer. Gahryman Arkadagymyzyň örän ýerlikli belleýşi ýaly, ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün eder.

Dabaraly maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Myrat Baýramgylyjow we beýlekiler hem çykyş etdi. Olar, hususan-da, konstitusion özgertmeler, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi we bu çözgüdiň halkymyzyň arasynda giň goldawa eýe bolandygy, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen nebitgaz senagatynyň okgunly ösdürilişi hakynda durup geçdiler.

Dabarada nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ajap aýdymlary ýaňlandy. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize Ýüzlenme kabul edildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.