Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
G.HALLYYEWE «Tiirkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatiy ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, hukuk tertibini pugtalandyrmakda, milli kanunçylygy we hukuk işini ýokarlandyrmakda, ön- jeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini we hünär ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Gylyçmyrat Hallyýewe «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormat¬ly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwary.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
G.HALLYYEW hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:
Gylyçmyrat Hallyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwary.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
G.A.USSANEPESOW hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:
Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwary.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Üçünji hünär derejeli G.A.USSANEPESOWA ikinji hünär derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, üçünji hünär derejeli Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesowa ikinji hünär derejesini bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Giiýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwary.
Tilrkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16- njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1-nji derejeli ýurist Babageldi Satybaldyýewiç Babaýewi Düzediş edara- larynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurory wezipesinden boşatmaly;
2-nji derejeli ýurist Rahat Şyhmyradowiç Karyýewi Düzediş edaraiarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurory wezipe-sine bellemeli.
Tiirkmenistanyň Prezidenti,
Tiirkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwary.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.