Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi

https://ussatnews.com/storage/posts/5078/original-163ee6fc04b8d3.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşygynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegiň çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegi maksat edinýändigi nygtaldy. Şunda nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.

Şunda “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşydygy bellenildi. Köpýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ynanyşmaga we özara bähbitleri nazara almaga esaslanan netijeli görnüşi kemala getirildi.

Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň ýurdumyza şu gezekki saparynyň ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we umuman, köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, öz gezeginde Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda kökleri taryhyň jümmüşine uzap gidýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigi bellenildi. Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Belläp geçsek, häzirki wagtda «Gazprom» bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda tebigy gazy satyn almak boýunça 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda gol çekilen bäş ýyllyk şertnama hereket edýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.