Siňdirilen yhlasyň miwesi
Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem talyp ýaşlary bedenterbiýä we sporta çekmek, olaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere galdyrmaklary ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň 15 — 16-njy fewralynda Lebap welaýatynda geçirilen sportuň sambo we söweş sambosy görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, ýokary okuw mekdebiniň «Ykdysadyýet we dolandyryş» fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Niýazmyrat Babekowyň sambo görnüşinde 64 kilogram agramda çykyş edip, birinji orna şeýle-de «Energetika we inženerçilik desgalary» fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň söweş sambosy boýunça 88 kilogram agramda çykyş edip, birinji orna mynasyp bolmagy siňdirilýän yhlasyň miwe berýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her bir ugurda uly üstünliklere beslenýär. Ol talyplaryň, önümçiliklerde zähmet çekýän, şeýle-de sportuň dürli görnüşlerinde uly üstünlikleri gazanyp, ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladýan ýaşlarymyzyň kalbynda buýsançly duýgulary oýarýar. Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ýurdumyzda dünýä çempionatlarynyň, sportuň dürli görnüşlerini öz içine alýan sport ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen ýaşlarynyň kalbynda uly hyjuw döredýär.
Türkmen ýaşlarynyň öz ukyp-başarnyklaryny açyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, her bir ugurdaky tutumly işleri rowaç alsyn!
Myratmuhammet MYRADOW,
Aşgabat şäheri.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.