Aşgabatda senagatçylaryň hem-de telekeçileriň sergisi we maslahaty geçirilýär
17-nji martda paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Şeýle-de bu waka mynasybetli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar mehanizmleriniň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bazar ulgamynyň döredilmeginiň möhüm bölegi bolan hususy işewürligiň ösdürilmegine ýardam bermek bilen, olaryň innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge gatnaşmaklaryny goldaýar. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz hususy işewürligiň wekilleriniň işine ýokary baha berip, olaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşandyny belledi. “Geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär” diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Serginiň dabaraly açylyşyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dürli ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar.
Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 200-den gowrak gatnaşyjy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüm hem-de welaýat bölümleri, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag we logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde ýöriteleşen hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri bar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeleri çözmekde gazanan üstünliklerine sergide aýratyn üns çekildi.
Sergidäki monitorlarda telekeçiligiň dürli pudaklarynda 15 ýylyň içinde gazanan üstünlikleriniň diagrammasy görkezildi, şeýle hem birleşmäniň düzüm bölümleriniň diwarlyklary ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky hereket edip, onuň welaýat şahamçalary hem bar. Soňky ýyllarda bankyň müşderileriniň, şol sanda elektron söwdanyň esasy gurallary bolan “Internet banking” hyzmatyndan we QR-kod ulgamyndan peýdalanýan müşderileriň sany ep-esli artdy. Guramanyň düzüminde “Bäsdeş” söwda öýi hem-de gurluşyk ugruna gözegçilik edýän “Birleşme gurluşyk” birleşigi hereket edýär.
Telekeçilik mekdebi hünär taýýarlygynyň onlarça ugry boýunça okuw taslamalaryny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “ýaşlar kärhanalaryna” we başlangyçlaryna uly goldaw bermek bilen, ýaş işewürlere kömek berilmegine aýratyn üns berýändigini bellemek gerek. Bu babatda 2022-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berlendigi bellärliklidir. Bu ýokary okuw mekdebi innowasion telekeçiligi ösdürmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebi milli hünär bilim ulgamynda öňdebaryjylaryň biri bolmak bilen, sebitde iri halkara derejeli bilim ojaklarynyň biri bolar.
Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” gazeti hem öz diwarlygyny görkezdi. Şeýle-de bu ýerde 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işi baradaky maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Onuň bölümleri Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýär. Bu jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisinde hem bar we häzirki wagtda partiýa milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin öz dalaşgärlerini hödürledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda birleşmäniň ýurdumyzyň Mejlisi, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen yzygiderli iş alyp barýandygyny bellemek gerek. Onuň gatnaşmagynda işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga degişli kanunçylygy kämilleşdirmek dowam etdirilýär.
Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümleriniň işi hem görkezildi. Ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda iş alyp barýan iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli döwlet taslamalaryny amala aşyrýarlar, hususy kärhanalar bolsa onlarça müň adamy iş orunlary bilen üpjün edýärler. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawy netijesinde halk hojalygynyň düzüminde hususyýetçileriň paýy ýyl-ýyldan artýar. Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň netijeli ýola goýulmagy bilen, ýurdumyzda hususy eýeçilige esaslanýan döwrebap önümçilikleriň, bilelikdäki kärhanalaryň hem-de paýdarlar jemgyýetleriniň sany yzygiderli artýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar.
Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumy, azyk we gaýtadan işleýän senagaty ulgamlarynda ýöriteleşen agzalarynyň işine giň orun berildi. Telekeçiler diňe bir döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, öňlerinde goýlan maksady gazanmaga, ýagny Türkmenistany kuwwatly eksport ugurly ykdysadyýetli ýurda öwürmäge çalyşýarlar. Soňky 15 ýylda azyk önümleriniň giň görnüşini öndürýän döwrebap kärhanalaryň sany ep-esli artdy. Telekeçiler bazaryň täze ugurlaryny hem-de obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny gazanmaga, ilatyň ekologik taýdan arassa azyk önümlerine islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik tehnologiýalaryny ynamly özleşdirmegi dowam edýärler. Bu önümlerden sergä gelen myhmanlara hödür edildi.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda iri oba hojalyk kärhanalary, guşçulyk, maldarçylyk we balykçylyk, gök-bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işlemek boýunça önümçilik toplumlary bar.
Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyndaky amala aşyrylýan özgertmelere öz goşantlaryny goşmak bilen, täze agrotehnologiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrýarlar, ekologik taýdan arassa ýokary hilli gök önümleri, miweleri ýetişdirýärler. Döwrebap tehnikalary, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň traktorlaryny, kombaýnlaryny, ekskawatorlaryny, buldozerlerini, enjamlaryny satyn almak üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi topragyň hasyl berijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, bol hasylyň alynmagyna, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Telekeçiler ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinlerini, hususan-da, ýurdumyzyň eksport edýän azyk harytlarynyň arasynda uly paýy bolan pomidorlary ýetişdirmekde baý tejribe topladylar. Sergi pawilýonlarynda görkezilýän ekologik taýdan arassa önümler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ulgamyň iri kärhanalary sergide süýji-köke we çörek önümleriniň giň görnüşini görkezdiler. Dürli süýjülere, şokoladlara, kökelere, waflilere we beýleki önümlere Türkmenistanda we ýurdumyzyň çäginden daşarda uly isleg bildirilýär. Şeýle-de sergide dürli haryt nyşanly tebigy gök-bakja we miwe şireleri, dürli içimlikler, arassa agyz suwy görkezildi. Ekologik taýdan arassa ýerli çig malyň esasynda çaga iýmitiniň, miwe we gök-bakja konsentratlarynyň, şireleriň, maýoneziň, doňdurmanyň, konserwirlenen önümleriň, balyk önümleriniň, ýogurtlaryň, şöhlat önümleriniň we beýleki dürli önümleriň önümçilikleri ýola goýuldy.
Türkmen telekeçileri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak meýdanda döredilen senagat zolagynda ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň ýüzlerçesi dürli görnüşli senagat, gurluşyk we beýleki önümleri öndürýärler, şol önümler daşary ýurtlara-da üstünlikli eksport edilýär. Häzirki wagtda şu oňyn tejribäni ösdürmek maksady bilen, Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde, şeýle-de Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze senagat-önümçilik zolaklaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde — Arkadag şäherinde senagat zolagyny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Serginiň bölümleri Diýarymyzda senagat önümleriniň önümçiliginiň gerimini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Häzir TSTB-niň agzalary ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryny işläp taýýarlamak boýunça işlere gatnaşýarlar. Olaryň öndürýän senagat harytlarynyň arasynda elektron önümleriň, “akylly” şäherler, öýler we edaralar üçin gözegçilik ediş, howpsuzlyk, dolandyryş ulgamlaryna degişli enjamlaryň, kompýuterleriň, monobloklaryň, smartfonlaryň, routerleriň, smart-telewizorlaryň, ýerli elektron bazarlarda mynasyp orun eýeleýän beýleki durmuş tehnikalarynyň bardygyny bellemek gerek.
Sergide «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde TSTB-niň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylmagy aýratyn ünsi çeken ugurlaryň biri boldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda IT tehnologiýalar ulgamynda ýöriteleşen hojalyk jemgyýetleri we kärhanalar, ýurdumyzyň öňdebaryjy internet serişdeleri bar. Watanymyzyň IT kompaniýalary kärhanalarda sanly ulgamlary, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmagyň, web saýtlary, ykjam goşundylary we internet portallary, elektron täjirçilik portallaryny döretmegiň ýeterlik tejribesini topladylar. Şeýle hem ýurdumyzyň IT kärhanalarynyň orta we ýokary bilim üçin elektron portallary, sanly ulgamlary, onlaýn kitaphanalary we arhiwleri döredendiklerini bellemek gerek. Olar işewürlik, sanly dolandyryş hem-de kiberhowpsuzlyk üçin wideomaslahatlar ulgamynda hyzmatlary hödürleýärler. Ýurdumyzyň telekeçileriniň “akylly” öý we “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hem mümkinçilikleri bar.
Sergä gatnaşyjy kompaniýalaryň birnäçesi elektron täjirçiligi ösdürmegiň hem-de söwdany we hyzmatlary täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryna laýyklykda, häzirki zaman internet hyzmatlaryny ornaşdyrmakda mümkinçiliklerini hödürleýärler. Şolaryň hatarynda jemgyýetçilik iýmiti, lomaý hem-de bölek satuw söwdasy bilen meşgullanýan telekeçiler bar. Olar dürli meýdançalarda saýtlary döretdiler hem-de onlaýn buýurmalary kabul edýärler, harytlary eltip bermek hyzmatyny ýola goýýarlar.
Sergi meýdançasy ýyl-ýyldan giňeýär. Şonuň çäklerinde TSTB-niň agzalary durmuşda ulanylýan tehnikalary — gaz we elektrik, howur, mikrotolkunly peçleri, smart telewizorlary öndürmekde gazananlaryny görkezýärler. Şol önümler daşary ýurtlaryň ugurdaş önümlerinden pes däl we alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Sergide telekeçileriň alyp barýan işleriniň gurluşyk ugry giňden görkezildi. TSTB-niň agzalary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, kottej toplumlarynyň uly tapgyrlaryny, seýilgäh zolaklaryny, dolandyryş-işewürlik merkezlerini, iri düzümleýin we senagat desgalaryny bina edýärler. Iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň, “Aşgabat-sitiniň” desgalaryny gurmak taslamalary bar. Hususy gurluşyk kompaniýalary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zaman deňiz şypahana zolagynyň düzümlerini döretmäge işjeň gatnaşýarlar.
Sergä gelýänler telekeçileriň gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine goşýan goşandy barada maglumatlary alyp bilýärler. Şol serişdeler hili boýunça daşary ýurtlaryň önümlerinden pes däldir. Şu ugurda gazanan üstünliklerini dürli ölçegdäki turbalary, izogamlary, asma üçek petiklerini, demir profilleri, keramiki plitalary, bazalt süýümleri, kerpiji, demir-beton gurnamalary, çyglylykdan goraýyş serişdelerini, ýuwlan çäge, keramzit, elektrik we suw geçirijileri, ýanýoda daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny, ýag we howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary öndürýän kärhanalar görkezýärler.
Sergi meýdançasynda ulag we logistika hyzmatlaryny hödürleýän hususy kärhanalaryňdyr kompaniýalaryň mümkinçilikleri görkezilýär. Ulag-logistika kompaniýalarynyň işleri bu ulgamda Türkmenistanyň amala aşyrýan giň möçberli halkara taslamalary bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Sergi bölümleriniň birnäçesi halkyň sarp edýän giň görnüşli harytlarynyň öndürilişini artdyrmakda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini görkezýär. Şolaryň hatarynda mebel toplumynyň kärhanalary, durmuş himiýasyny öndürijiler, dokmaçylar we aýakgap önümlerini öndürijiler, häzirki zaman egin-eşikleriniň, matalaryň, isleg bildirilýän beýleki önümleriň önümçiligini ýola goýanlar bar. Däp boýunça sergide dürli halylar we özboluşly reňk öwüşginli palaslar giňden görkezildi. Köp bölegi ýerli çig mal esasynda polipropilen ýüplüginden öndürilýän bu önümler diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar. Özi-de halylar, haly önümleri ýerlenilende, sanly tehnologiýalar ulanylýar.
Türkmen işewür jemgyýetçiliginiň senetçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan agzalarynyň işleri milli medeni mirasymyzyň wagyz edilmegine ýardam berýär. Sergide elde dokalan ajaýyp halylar, zergärleriň, tikinçileriň elde döreden täsin işleri bilen tanşyp bolýar. Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy künjekleri we paýtagtymyzyň owadan ýerleri şekillendirilip, milli öwüşginlerde ýerine ýetirilen sowgatlyk önümler hem görkezilýär. Telekeçiler söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny gönükdirýärler, ilata giň gerimli durmuş, mahabat we neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler. Bu hem gözden geçirilişiň meýdançasynda öz beýanyny tapdy.
Türkmen telekeçileriniň gazananlary hem-de täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hususy ulgamy ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly täze wezipeler 18-nji martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriljek maslahatyň gün tertibine giriziler. Forumda TSTB-niň dürli ugurlarda alyp barýan işleri barada maglumatlar diňleniler, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hususy ulgamyň öňünde goýan wezipeleriniň, şol sanda iri döwlet buýurmalaryny hem-de maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça goýan wezipeleriniň durmuşa geçirilişiniň barşy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň oňat telekeçisi” atly bäsleşiginiň jemleri hem jemleniler. TSTB-niň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi bir hepde dowam eder. 23-nji martda onuň ýapylyş dabarasy hem-de pudaklaýyn gözden geçirilişe gatnaşyjylara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçiriler.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.