Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi
Ýekşenbe güni Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Ses bermäge başlamak üçin ir sagat 7-de saýlaw okruglarynyň çäklerinde birbada ähli saýlaw uçastoklary açyldy. Ses bermek üçin 2644 saýlaw uçastogy döredildi. Ýene-de 42 sany uçastok Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda we konsullaklarynda hereket etdi.
Ses bermek üçin ýörite kabinalar bilen üpjün edilen ýerler taýýarlanyldy. Her bir saýlaw uçastogyna ygtybarly aragatnaşyk enjamlary, ulag serişdeleri berkidildi.
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermäge hukugy bolan jemi 3,5 million saýlawçy bellige alyndy. Şolardan 18 ýaşyny dolduryp, ilkinji gezek ses bermäge gatnaşýan saýlawçylaryň sany 76 müň töweregi boldy.
Ildeşlerimiz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Mejlisiň deputatlygyna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň has mynasyplaryna ses berip, özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.
Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär hasaba alyndy.
Şeýlelikde, öňki saýlawlar ýaly bu gezekki saýlawlar hem giň bäsdeşlik, demokratiýa we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň halkara ýörelgelere eýerip, saýlawlara syn etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň wekilleri çagyryldy. Ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleri geldiler.
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew saýlawlaryň baýramçylyk äheňini belledi.
Merkezi saýlaw toparynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,12%, Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,10%, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,20% ses berdi.
Saýlawlar geçirilen diýlip yglan edildi. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda mälim ediler.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.