Guwandyryjy jemler, geljege ynam bilen
— Geçen ýylda ýurdumyzda uly ösüşler, düýpli özgerişlikler gazanyldy. Şeýle üstünlikde biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleriniň hem mynasyp zähmet paýy bar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen gürrüň berýär.
Hakykatdan-da, baýlyk çykaryjylar 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekdiler we önümleri öndürmekde ýokary netijeleri gazandylar. Has takygy, geçen ýylda tebigy gazyň 12,1 milliard kub metre golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama 124 göterim berjaý edildi. Şeýle-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň hem 45,4 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu bolsa degişli meýilnamanyň 108 göterim berjaý edilendiginden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumynyň meselelerine uly üns berýär we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütleri kabul edýär. Şeýle taýsyz tagallalar tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini yzygiderli artdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Malaý gaz käninde gurlup, üstünlikli işe girizilen kuwwatly gaz gysyjy desga muňa aýdyň mysallaryň biridir. Kämil tehnologiýalara, täzeçe ylmy çözgütlere daýanýan döwrebap desga önüm öndürilişini düýpli artdyrmakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ýeri gelende Malaý gaz käniniň müdirligiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň düzüminde hereket edýändigini, bölek boýunça tamamlanan ýylda örän gowy netijeleriň gazanylandygyny bellemek ýakymlydyr. Şanly ýylda bu öňdebaryjy bölek boýunça tebigy gazy gazyp almak baradaky meýilnama 126 göterim berjaý edildi. Şonda öndürilen harytlyk önüm bolan tebigy gaz 9 milliard 826 million kub metre golaýlady. Şonça önümiň 7 milliard 349 million kub metre golaýy bolsa Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça akdyryldy. Türkmen «mawy ýangyjyny» sarp edijileriň arasynda welaýatymyzda hereket edýän kuwwatly senagat kärhanalary bilen birlikde dostana Hytaý Halk Respublikasy hem bar. Önüm öndürilişiniň artdyrylmagy tebigy gazy ugratmak boýunça iki ýurduň arasynda baglaşylan döwletara şertnamasyny üstünlikli berjaý etmekde ähmiýetlidir.
Bu üstünlikler müdirligiň ähli bölümlerinde işleriň ýokary sazlaşykly guralmagy, baýlyk çykaryjylaryň tutanýerlilik we ruhubelentlik bilen zähmet çekmekleri arkaly gazanylýar. Halal zähmet çekip, her bir işde köplere gowy görelde bolýanlaryň hatarynda ýaş hünärmenler hem az däl. Müdirlikde ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmeklerini, ýokary netijeli zähmet çekmeklerini gazanmaga ilkinji derejeli üns berilýär, halypa-şägirtlik hereketi barha gerim alýar. Bu babatda alnyp barylýan işler şu ýylda has çuň many-mazmuna eýe bolýar. Sebäbi şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Bu ilhalar çözgüt halkymyzyň joşgunly köňülleriniň kelamyna öwrüldi. Ýaşlaryň önümçilikde, her bir il-ýurt bähbitli işde uly güýç bolup durýandygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşiniň başlygy Çingiz Seitow hem aýratyn belleýär. Biziň etrap ýaşlar guramasynyň başlygy bilen gürrüňdeş bolmagymyzyň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Müdirligiň edara-kärhanalarynyň aglabasy bu etrabyň çäginde ýerleşip, olarda hereket edýän ilkinji ýaşlar guramalary agzalaryň ýüzlerçesini özünde jemleýär. Olaryň güýjüni öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge gönükdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Söhbetdeşimiz ilkinji guramalaryň ýolbaşçylarynyň tagallalaryny ýaşlaryň arasynda Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän parasatly başlangyçlaryny we giň gerimli maksatnamalaryny wagyz etmäge, ýaşlary ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrmaga gönükdirýändiklerini nygtaýar. Şeýle çemeleşme belent maksatlara gulluk edýän lebaply gazçylara 2023-nji ýyly hem üstünliklere beslemäge uly ýardam berer.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.