Habarlar

Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/525/original-15ff947fd3a0a3.jpeg

8-nji ýanwarda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli düzümleýin taslamalara Ýewropa bankynyň gatnaşmagynyň geljegine garalmagy duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.

Ussat news

Başga habarlar
16a6c7d7725125.jpeg
«Çemmerli» gaz käninde täze senagat gaz akymy alyndy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi.


16a67a1bfe1c4f.jpeg
Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.


16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.

16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.