Habarlar

ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BRIFING GEÇIRDI

https://ussatnews.com/storage/posts/527/original-15ff9989db2df0.jpeg

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi. Çärä türkmen diplomatlary we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary gatnaşdylar, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.

Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

N.Drozd çykyşynyň başynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilip geçilen ýylyň möhüm wakalara baý bolandygyny nygtap geçdi.

Ol bitaraplyk derejesiniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer taraplarynyň sebit hem-de global howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmekde möhümdigini aýtdy. Bu nukdaýnazardan, hanym Drozd bitaraplyk düşünjesini ösdürmäge, şeýle hem parahatçylygyň we özara düşünişmegiň goralmagyna gönükdirilen halkara tagallalarynda bitaraplygyň wajyplygyny öňe sürýän Aşgabat jemleýji resminamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şeýle hem N.Drozd bu resminamanyň ÝHHG-nyň esasy düzüm böleklerinden biri bolan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň işjeň ulanylmagyny talap edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, Guramanyň Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýanyň ýörelgelerine ygrarlydygyny belläp geçdi.

«Aşgabat resminamasynyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplyk dostlarynyň toparynyň döredilmegini goldaýandygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu başlangyjy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar, çünki bu Topar halkara syýasy hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça deň gepleşikleri dowam etdirmek üçin täsirli platforma bolup hyzmat eder» - diýip N.Drozd belledi. Şeýle hem bu resminamanyň mundan beýläk hem bilelikdäki işler babatynda gönükdiriji bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Brifingiň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady. «Türkmenistan bu Kararnamany durmuşa geçirmek arkaly, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen global tagallalara itergi bermek maksady bilen, bitaraplyk derejesini ulanmak babatyndaky borçnamasyna ygrarlydygyny tassyklady. Bu Kararnama häzirki zamanyň global howpsuzlygyna abanýan howplara garşy göreşmek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar» – diýip belledi.

Başga habarlar
16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.


16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.

16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.