Makalalar

«AssA» – nebitçiler şäheriniň döredijilik topary

https://ussatnews.com/storage/posts/5262/original-16428847a4d1ee.jpeg

«AssA» topary türkmen nebitçileriniň paýtagty Balkanabat şäheriniň meşhur döredijilik toparlarynyň biri bolup, ol tans sungatynyň höwesjeň zehinli ýaşlaryny birleşdirýär. Toparyň baý mazmunly sahna gorunda dünýä halklarynyň tanslary bar.

2022-nji ýylda hususy tans topary özüniň 10 ýyllygyny belledi. Şol döwrüň içinde «AssA» toparynyň düzümi üýtgemedi, onuň ruhlandyryjysy we üýtgewsiz ýolbaşçysy Tamara Daurowa öz işiniň ussady bolup durýar.

Häzir toparyň 70-e golaý tansçysy bolup, olar üç ýaşdan başlap, on sekiz ýaşyna ýeten oglanlar we gyzlardyr. Kiçi, orta we uly toparlardan ybarat bolan üç toparyň hökmany iş şerti gyzlaryň we oglanlaryň aýratynlykda geçirilýän taýýarlyk işleri bolup durýar. Şunda bu ýörelge olaryň bilelikdäki çykyşlaryny aradan aýyrmaýar.

Ýaş tansçylar dürli sahnalarda çykyş edýärler. Baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan konsertler indi däbe öwrüldi. «AssA» topary ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe, 8-nji mart — Halkara zenanlar gününe, Ýeňiş gününe, Çagalary goramagyň halkara gününe we elbetde, Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp çykyşlary taýýarlaýar. Tans toparyny halk döredijiligine bagyşlanyp, dürli çäreleriň geçirilýän ýeri bolan welaýat muzeýine hem yzygiderli çagyrýarlar.

Toparda diňe bir döredijilik däl-de, eýsem, terbiýeçilik işleri hem geçirilýär. «AssA» toparynyň agzasy bolmak isleýän ýaşlar örän köp, emma olara bildirilýän hökmany talaplaryň hatarynda okuwda üstünlikli bilim almak bolup durýar. «Biz çagalara tans öwredip, olary sungat dünýäsine çekmek bilen çäklenmän, eýsem, olarda jogapkärçilik, maksada okgunlylyk, berdaşlylyk we zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri hem terbiýeleýäris» diýip, Tamara Bekowna gürrüň berýär. Toparyň uçurymlary ýolbaşçynyň kömekçileri bolup, öz ukyp-başarnyklaryny we tansa bolan söýgüsini «AssA» toparynyň häzirki agzalaryna geçirýärler.

Tamara Bekownanyň atlandyryşy ýaly, toparyň öz «ýyldyzjyklary», «uçgunjyklary» hem bolup, oglanlaryň we gyzlaryň hemmesi şolardan görelde alýarlar. Nataşa Kobelewa, Merýem Mansurowa, Temimdar Ramaldanow, German Myradow, doganlar Aly we Muhammet Amanklyçewler dürli ýaş toparlaryna girip, milli hem-de beýleki tanslarda ussatlarça çykyş etmek bilen toparyň özenini düzýärler.

Toparyň agzalarynyň köpüsi eýýäm dürli ugurlarda zähmet çekýärler, goşunda gulluk edip ýörenleri bar, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, emma öýlerine gaýdyp gelenlerinde hökman öz medeni ojagyna — tans sungatynyň şatlygyny, şeýle hem kaddy-kamat we oňat gylyk-häsiýet peşgeş beren tans toparyna gelip görýärler.

Ýaş tansçylar abraýly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolmagy arzuw edýärler. Biz hem olara sungatda täze üstünlikleri gazanmagy hem-de öňde goýan maksatlaryna ýetmegi arzuw edýäris, munuň üçin bolsa, olarda hem zehin bar, hem zähmetsöýerlik we uly höwes bar.

Leýli AŞYROWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.