Nebiti gaýtadan işleýjileriň gaýratly işleri
Ýene öňe gitmeli, täze sepgitleri ynamly eýelemeli, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaly. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we ezber işgärleri, ine, şeýle maksada gulluk edýärler. Aýdyň maksatlara beslenip, yhlas bilen çekilýän agzybirlikli zähmet olara ýylyň-ýylyna uly rowaçlyklary getirýär. Munuň şeýledigine geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň önümçilik görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
— Gazanylýan ösüş-özgerişleriň edilýän anyk tagallalara daýanýandygyny, ilkinji nobatda, belläsim gelýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda kärhanamyzda önümçilik desgalarynyň durkuny düýpli täzelemek, täze bölümleri işe girizmek bilen baglanyşykly gerimli çäreler geçirildi. Bu bolsa işleri has netijeli ýola goýmaga, ýokary hilli, geçginli önümleri öndürmäge giň ýollary açdy. Bular bilen birlikde, esasy mesele bolan önümçiligiň çig mal bilen üpjünçiligi hem barha gowulanýar. Hünärmenlerimiz wezipe borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirip, meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegini gazanýarlar — diýip, kärhananyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow gürrüň berýär.
Ol geçen ýylda hem nebiti gaýtadan işleýjileriň birleşen tagallalarynyň tüýs ýerine düşendigini guwanç bilen belledi. Has takygy, geçen ýylda kärhana gaýtadan işlemek üçin çig malyň 456,3 müň tonna golaýy gelip gowşupdyr. Munuň özi bu baradaky ýyllyk meýilnamanyň 113,6 göterim berjaý edilendiginden, şeýle-de öňki ýyl bilen deňeşdirilende 101,3 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär. Geçen döwürde gaýtadan işlenen 442,4 müň tonnadan gowrak çig maldan dürli oktan sanly benziniň jemi 226,8 tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 113,4 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlyň 35,7 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň 30,2 müň tonna golaýy we beýleki nebit önümleri alnyp, sarp edijilere ugradyldy. Harytlyk önümleriň ýurdumyzyň çägi bilen birlikde, daşary ýurtlara hem köp möçberlerde ugradylandygy bellärliklidir.
Baş ykdysatçy işgärleriň ýokary netijeleri gazanmagynyň zähmet gazançlaryna gönüden-göni täsir edýändigini, şol sebäpli olaryň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini sözüniň üstüne goşdy. Ýöne bular hem hemmesi däl. Dürli kesp-kärli hünärmenleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny gazanmak maksady bilen, başga-da birnäçe işler alnyp barylýar. Oňa geçen ýylyň aýagynda kärhananyň işgärleri üçin ýene bir kaşaň ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berlendigi, bagtyýar maşgalalaryň 24-siniň täze öýlerde jaý toýlaryny tutandyklary aýdyň mysallaryň biridir. Olaryň arasynda 1-nji önümçilik bölüminiň operatory Erkin Baratow, inert gazlary öndürýän bölümiň maşinisti Haýrulla Hudaýkulyýew, harbylaşdyrylan gaz howpundan halas ediş bölüminiň bölümçe serkerdesi Atajan Bazarow we beýlekiler bar. Olar özleriniň yhlasly zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize kalplarynyň töründen çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar hem-de şeýle aladalara päk zähmetleri bilen jogap bermek hyjuwy bilen joşýarlar. Il-ýurt bähbitli şeýle tutumlar bolsa ýeneki üstünlikleriň berk esasyny emele getirýär.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.