Itburun — hassa bolmazdan burun

Itburnuň şypasy il içinde giňden bellidir. Onuň bişen we guradylan miwesinden dürli önümler taýýarlanýar. Süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl, gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miwä «ýabany bägül» hem diýilýär. Onuň dermanlyk häsiýeti gadym döwürlerden bäri bellidir. Ol bedeniň immunitetini berkidýär, kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar, bedeniň garramagynyň öňüni alýar. Itburnuň düzüminde saklanýan C witamini limondakydan 50 esse, gara smorodinadakydan 10 esse kändir.
Lukmanlaryň bellemegine görä, itburnuň gaýnatmasyny yzygiderli peýdalanmak ýüregiň işleýşine, damarlaryň çeýeligine, gan basyşynyň kadaly bolmagynda örän peýdalydyr. Şeýle-de bolsa, itburun dişiň syrçasyny ýukaldýanlygy sebäpli, ondan gaýnatmadyr şire içilenden soňra, agzyňy çuw bilen çaýkamaly, aşgazan keselleri bolan we allergiýaly adamlar bu miwäni peýdalanmagy çäklendirmelidir.
Itburnuň az mukdardaky miwesi adam bedeni üçin zerur bolan bir gije-gündizlik C witamin ätiýaçlygyny üpjün edýär. Onuň miwesiniň peti halk lukmançylygynda ýokanç kesellerde, respirator ýokanjynda, pnewmoniýada netijeli serişde hökmünde ulanylýar. Şeýle-de, ösümligiň düzümindäki askorbin turşulygy bedeniň öýjüklerini emele gelýän erkin radikallardan goraýar. Düzümindäki karotin bedeniň kesellere garşy bolan durnuklylygyny güýçlendirýär, göreçleri goraýar, antioksidant hökmünde ulanylýar.
Taýýarlan Sabur TURAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.