«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Häzirki zaman saglygy goraýyş düzümlerinde tehnologik üpjünçiligi we owadan bezeg aýratynlygy diňe bir gözellige ymtylyş bolman, eýsem, olarda saglygyny dikeldýän hassalaryň we zähmet çekýän hünärmenleriň ruhy ýagdaýyna täsir etmek üçin gerek bolan zerurlykdyr. Şoňa görä-de, «bejeriş binagärligi» diýilýän ýörelge esasynda bina edilýän desgalar hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döretmegi maksat edinýär.
Bejeriş binagärligi ýörelgesi esasynda gurlan ilkinji iri saglygy goraýyş desgasy 1933-nji ýylda Finlýandiýanyň Turku şäherinde bina edilen Paýmio inçekesel sanatoriýasydyr. Bu ýerde çagalar üçin terbiýeçilik edarasy hereket edýär. Ozalky saglygy goraýyş desgasy tokaýlyk zolakda gurlup, arassa howa we Gün ýagtysy üçin açykdyr. Binanyň otaglarynda hem saglygyny dikeldýänler üçin mümkingadar oňaýly şertler döredilendir.
Ýaşyl zolaklaryň, özboluşly binagärlik bezegi we çözgütleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän saglygy goraýyş düzümleriniň hassalaryň özüni duýşuna oňaýly täsir edýändigini hünärmenler hem belleýär. Şoňa görä-de, häzirki döwürde dürli ýurtlarda ähli amatlyklar bilen üpjün edilip, saglygyny dikeldýänler üçin öý şertlerini ýada salýan saglygy goraýyş düzümleriniň meşhurlygy artýar.
Gaýgysyz ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.