“Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Onda ýerleşdirilen makalalar bitaraplyga, “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy.
Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän Birleşen Milletler Guramasy bilen köp ugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar. Hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk tejribesine daýanmak arkaly bu däp bolan gatnaşyklar häzirki döwürde ählumumy maksatly möhüm meseleleri öz içine almak bilen, çäklerini barha giňeldýär.
Bu gün Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we edaralarynyň alty wekilhanasy netijeli işleýär. Olar BMG-niň Çagalar gaznasyndan (ÝUNISEF), Ilat gaznasyndan (ÝNFPA), Ösüş maksatnamasyndan, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirlikden (UNPOON), Halkara migrasiýa guramasyndan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ybaratdyr.
Mundan başga-da, BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek baradaky müdirligi, Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Adam hukuklary baradaky Ýokary komissaryň müdirligi, Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (ÝNKTAD), Halkara söwda merkezi ýaly taslama we maksatnama edaralary hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň giň goldawyna eýe bolan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidilen möhüm başlangyçlarynyň we täze teklipleriniň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şolar sebit we ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm ugurlaryndaky netijeli halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.
Birnäçe makalalar Bitarap Türkmenistanyň köptaraply öňüni alyş diplomatiýasynyň täzeçilligini beýan edýär. Şeýle hem şolarda ýurdumyzyň toplan tejribesi we häzirki zaman daşary syýasy strategiýasy barada gürrüň berilýär. Bu bolsa üçünji müňýyllygyň halkara gatnaşyklary ulgamynda bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýar.
Makalalaryň birinde hemişelik oňyn bitaraplygyň türkmen usulynyň özboluşlylygyna syn berilýär. Okyjylar taryha gysgaça syýahat etmäge hem-de Beýik Seljuklar Döwletinde diplomatiýanyň orny baradaky arhiw maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan mowzuklaryň hatarynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly ulgama geçmek ýaly ugurlar boýunça gürrüň berýän makalalar bar. Halkara häzirki zaman maglumat we aň-bilim gurşawynyň döredilmeginde sanly bilim ulgamynyň Konsepsiýasynyň wajypdygy bellenilip elektron serişdelerini okatmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini baýlaşdyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak hem-de usullaryny kämileşdirmek ugurlaryny ösdürmekde onuň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar.
Ylmy-amaly “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň ýene bir makalasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gün ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär.
Bu üstünlik anyk hasaplamalara, zähmet we tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, halk hojalyk toplumynyň köpugurly esasda ösdürilmegine esaslanýan ykdysady strategiýanyň netijesinde gazanyldy.
Žurnalyň jemleýji sahypasynda ýerleşdirilen bezegli şekiller we suratlar şäherlerimiziň hem-de obalarymyzyň şu günki keşbine, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine we ýeten derejesine hem-de medeniýetde, sportda we syýahatçylykda gazanylýan üstünliklere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.