«Mawy ýangyjyň» eşretli höziri
Bahar paslynyň gelmegi bilen, toýlaryň toýa ulaşmagy «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine olaryň Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu günler gazanýan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.
Edaranyň zähmetsöýer işgärleri tarapyndan ýanwar-fewral aýlarynda welaýat merkeziniň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan 600 kilometre golaý uzynlykdaky dürli basyşly bitewi gaz ulgamlarynyň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlarynyň bolsa 450-den gowragynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi gazanylyp, göz öňünde tutulan iki aýlyk iş meýilnamasy talabalaýyk berjaý edilipdir. Edaranyň hünärmenleri näsazlygy habar beriş we hasaba alyş, daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylaryna gözegçilik, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş, gaz ölçeýji enjamlary oturdýan we hasabyny ýöredýän gözegçilik hem-de hyzmat ediş, gaz ýerleşdiriş we hasabaty ýaly gulluklaryň sazlaşykly hereket edýändigini gürrüň berýärler. Bu gulluklaryň zähmetsöýer işçi-hünärmenleriniň agzybirlikde zähmet çekmeginde hem-de öz öňlerinde goýlan wezipe-borçlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary derejede berjaý etmegi netijesinde, welaýat merkeziniň ilaty we edara-kärhanalary ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilýär. Bu ýerde şäheriň ýaşaýjylaryndan we edara-kärhanalaryndan gelýän sargytlaryň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän näsazlygy habar beriş we hasaba alyş gullugynyň sargytlary kabul edijileriniň gyssagly hasaba alyp, tebigy gaz bilen baglanyşykly ýüze çykan näsazlyklaryň gullugyň slesar-bejerijileri Şöhrat Kultaýew, Genje Dosjanow we Allaberdi Meretdurdyýew dagy tarapyndan dessin çözgütler esasynda düzedilýändigini edaranyň baş inženeri Mekan Mämmedow gürrüň berýär.
Gaz hojalyk edarasynyň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň bahar paslynyň häzirki günlerinde alyp barýan wajyp işleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar häzirki döwürde şäher ilatynyň tebigy gaza bolan islegini doly kanagatlandyrmak we gaz ýollarynyň doly güýjünde kadaly işlemegini üpjün etmek maksadynda Daşoguz şäheriniň «Nowruz», «Merkez-1», «Suwçy» ýaşaýyş jaý toplumlarynda, «Gülüstan» şäherçesinde we welaýat merkeziniň ähli ýerlerinde bar bolan gaz desgalarynda gözegçilik hem-de tehniki hyzmat ediş işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Bu işleriň ýokary derejede berjaý edilmeginde gullugyň Nurmyrat Nazarmedow, Batyr Sahyýew, Hudaýberdi Möminow ýaly bejeriji-slesarlarynyň, şeýle hem Jumadurdy Garaýew, Arslan Kazakow ýaly elektrik we gaz bilen kebşirleýjileriniň saldamly paýynyň bardygyny edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen aýdýarlar.
Öz halkynyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyşly sözler bolsa «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görüp ýaşaýan şäher ilatynyň her biriniň ýüreginiň töründen çykýar.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.