Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlary Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygyna bagyşlap ylmy maslahatyny geçirdi.
Ylmy maslahaty kompozitor Kerimguly Garowow we sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty Jemile Gurbanowa açdylar. Maslahatda Nury Halmämmedowyň döreden saz eserleriniň golýazmalary, kompozitoryň döredijiligine bagyşlanan kitaplar, ylmy makalalar, şeýle-de dokumental filmler we kompozitoryň keşbini beýan edýän suratlar görkezildi.
«Sazyň taryhy» kafedrasynyň talyplarynyň prezentasiýaly çykyşlarynda indiki temalary öz beýanyny tapdy, olardan: Bahar Hojaýewanyň «Nury Halmämmedowyň döredijilik ýoly», Aknur Annameredowanyň «Nury Halmämmedowyň fortepiano döredijiligi», Aýjemal Hojaýewanyň «Nury Halmämmedow we Gurbannazar Ezizow», Suraý Ýazhanowanyň «Nury Halmämmedowyň wokal döredijiligi», Güljemal Durdyýewanyň «Nury Halmämmedowyň kamera we simfonik sazlary», Aýjemal Öwezowanyň «Nury Halmämmedowyň kino sazlary» we Jennet Rozyýewanyň «Kompozitoryň döredijiligi çeper döredijiliginde» belläp bolar.
Şu ýyl zehinli kompozitor Nury Halmämmedow 85 ýaşardy, kompozitoryň saz eserleri Türkmenistanyň altyn hazynasyna girýär. Kompozitor 43 ýaşynda aradan çykýar, emma onuň gysga durmuş ýolunda dürli žanrlarda işlemegi bilen, ýokary derejeli çeperçilik kämilligine ýetmegi başardy.
Nury Halmämmedow Magtymguly Pyragy, Kemine we Mollanepes ýaly nusgawy türkmen şahyrlaryň, şeýle-de Gurbannazar Ezizow, Genrih geýne, Sergeý Ýesenin ýaly döwürden we daşary ýurt şahyrlaryň goşgularyna ýüzlenýär.
Eýýäm talyplyk ýyllary onuň meşhur sazanda Mylly Täçmyradowa bagyşlap döreden «Dutaryň owazy» atly eseri «Hormatly diploma» mynasyp bolýar we «Türkmenistan» atly simfoniki sýuitasy uly meşhurlyga eýe bolup P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň döwlet synagynda ýerine ýetirilip diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolýar. Eser Türkmenistanyň we daşary ýurt simfoniki orkestrleriň repertuarynda berk orny eýeleýär.
Ylmy maslahatda çykyş edenler Nury Halmämmedowyň Türkmenistanyň kinematografiýasynyň ösüşine uly goşandyny goşýar. Kompozitoryň «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Mukamyň syry», «Ynha kakam gaýdyp geler», «Japbaklar» ýaly kinofilmlere, şeýle-de «Öýsüz goňurja», «Dostlar», «Çörek we oglanjyk», «Üç dogan we ýaşyl döw», «Näme üçin düýe ýandak iýýär», «Tomzak we garynja» ýaly multfilmlere ýazan sazlary adamlaryň aýratyn gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.
Nury Halmämmedow adamlaryň ejir çekmegine, gaýgyly ykbalyna çuňňur ýürekdeşlik bildirmegi başarýar. Bu temada onuň döreden «Wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine» atly wokal-simfoniki poemasy, Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna döreden «Esgeriň gaýdyp gelmegi», «Esger ýüregi», «Ene hakynda ballada» ýaly aýdymlary, XX asyr ýapon şahyrlaryň goşgularyna döreden «Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň soňlanmadyk aýdymlary» atly toplumyny ýatlamak ýeterlikdir.
Ylmy maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artistleri Wladimir Mkrtumow we Bibi Amanowa, Türkmenistanyň prezidentiniň «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Amangeldi Amanowyň, halkara bäsleşikleriň Diplomanty Stella Faramazowanyň, şeýle-de talyplar «Konserwatoriýanyň zehinleri» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Jemal Agajanowanyň, Seýran Ataniýazowyň we Erjel Ýagşymyradowyň ýerine ýetirmeklerinde kompozitoryň «Dutaryň owazy» we «Oýlanma», skripka we fortepiano üçin «Sonata» we «Ýewreý heňi», wokal eserlerinden «Gözel Şirgazy», «Durnalar» we «Geler», şeýle-de Nury Halmämmedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan Kerimguly Garowowyň «Taplanyş» we Meret Annamyradowyň «Bagyşlama» ýaly saz eserleri ýerine ýetirildi.
Nury Halmämmedowyň döreden ajaýyp saz eserleri kiçi we uly ýaşly sazandalaryň pedagogik we konsert repertuarynda berk orny eýeleýär.
Bezirgen Mämmedow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň
dekany.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.