Habarlar

«Merkezi Aziýa — Hytaý» Sammitinde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleler maslahatlaşylar — bilermenler

https://ussatnews.com/storage/posts/5453/original-16464b4c9b1baa.png

Hytaýyň gadymy Sian şäherinde 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa- Hytaý» sammitinde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek mowzugy ilaru tutulýan ugurlaryň biri bolar diýip meşhur seljeriş merkezleri hem-de syýasatçylar belleýär.

Sammite Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Türkmensitan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan) ýolbaşçylary gatnaşar. Bilermenleriň pikirine görä, energetika, ulag, logistika, maýa goýum we söwda-ykdysady ulgamlary şu görnüşde döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary bolup durýar.

Aslynda, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşmagy döwletleriň şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň energetika düzüm bölegini üpjün edýär. Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň MK-nyň kompartiýasynyň «Ženmin Žibao» baş gazetine beren interwýusynda 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Aziýa yklymynda durmuşa geçirilen iň iri bilelikdäki energetika taslamasy bolandygyny we häzirki günde şonuň üsti bilen 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň iberilendigini aýtdy.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň liderleri sebitiň energetika bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini artdyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Mälim bolşy ýaly, gazyň iberilmegi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijiniň üç ugry (A,B we C) boýunça amala aşyrylýar. Türkmen tebigy gazyndan diňe bir ahyrky sarp ediji — Hytaý däl, eýsem üstaşyr ýurtlar – Özbegistan we Gazagystan hem peýdalanyp bilýär.

Soňky ýyllarda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Ol Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça geçmelidir. Özi-de şeýle ugur energetika serişdelerine zerurlyk bildirýän Duşenbe we Bişkek şäherleriniň ýüz tutmalary boýunça saýlanyp alyndy.

4-nji şahanyň gurulmagy Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini taslama kuwwatlylygyna çykarmaga hem-de Hytaýyň energetika bazaryna her ýylda 65 milliard kub metre çenli gazy ibermäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, D şahasy türkmen gazynyň Gyrgyzystana we Täjigistana göni iberilmegini amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.