Habarlar

Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisi: 11 ýyl üstünlikli işleýär

https://ussatnews.com/storage/posts/549/original-15ffde8bdd7101.jpeg

Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günleri ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, “mawy ýangyjyň” esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar.

Bu barada habar bermek bilen, “Sinhua” habarlar agentligi we beýleki habar beriş serişdeleri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisiniň eýýäm 11 ýyl bäri durnukly işläp gelýändigini belleýärler. Günbatar turbageçiriji kompaniýasynyň (Western Pipeline Company) maglumatlaryna görä, geçen ýyl Merkezi Aziýadan tebigy gazyň 39 milliard kubmetre golaýy iberildi. 2009-njy ýylda gazgeçirijiniň işe girizilen pursatyndan bäri bolsa, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň iberilen umumy mukdary 336 milliard kubmetrden hem geçdi.

Bu gazgeçiriji Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy baglaýan strategik taýdan möhüm energetika ulgam bolup durýar. Ol ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, onuň durnukly işlemegi Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ekologiýa taýdan arassa “ýaşyl” ösüşe geçmäge ýardam etmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýadan gelip gowuşýan gaz HHR-niň welaýatlarynyň we awtonom etraplarynyň 27-ine, şeýle hem Gonkongyň ýörite dolandyryş etrabyna iberilýär, olarda ilatyň sany 500 million adamdan hem geçýär.

Häzir Türkmenistanda halkara ulgamyň çig mal binýadyny berkitmek hem-de düzümini ösdürmek boýunça işler dowam edýär.

Ussat news

Başga habarlar
16a6f3d1e923f3.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýedi aýyň jemlerine garaldy

2-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a6da02f93b24.jpeg
Mekdep okuwçylarymyz Londonda geçiriljek «iWISE» halkara bäsleşigine gatnaşarlar

Mekdep okuwçylarymyzyň 10-sy 2-7-nji awgust aralygynda “International World Innovative Student Exhibition” (iWISE) halkara platformasynyň döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Bu halkara ýaryş Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherindäki Surreý uniwersitetinde geçiriler.


16a6d92d97e104.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞ

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY.

16a6c7d7725125.jpeg
«Çemmerli» gaz käninde täze senagat gaz akymy alyndy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi.


16a67a1bfe1c4f.jpeg
Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.