Öňdebaryjylaryň netijeli işleri
Bu burawlaýjylar toparynyň agzalarynyň atlary diňe bir «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda däl, eýsem, tutuş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda hem öňdebaryjylaryň hatarynda hormat bilen agzalýar. Munuň özi ýöne ýerden däldir. Biziň aşakdaky ýazgylarymyz hem bu öňdebaryjy toparyň agzalarynyň alyp barýan tutumly işleri, olaryň ýolbaşçysy, umumy işe mynasyp goşant goşýan adamlar hakynda bolar.
Bu topara buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýew başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Tejribeli ýolbaşçy uzak ýyllaryň dowamynda Watanymyzyň ösüşlerine goşýan saldamly goşandy, ak ýürekden çekýän halal zähmeti üçin «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» medaly bilen sylaglandy. Şonda Halmyrat döwlet sylagyny diňe bir şol döwre çenli bitiren işlerine berlen mynasyp baha hökmünde kabul etmändi. Bu ýokary sylag onda geljekde has yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmek höwesini hem döredipdi.
Geçen ýyllarda Halmyradyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylary ýurdumyzyň geljegi uly meýdançalarynda netijeli zähmet çekdiler, uglewodorod serişdeleriniň baý ýataklarynyň üstüni açdylar. Olaryň häzirki iş ýerleri bolsa Hazaryň kenaryndaky Uzynada meýdançasynda. Bu meýdança indi birnäçe ýyldan bäri gözleg-buraw işleriniň giňden alnyp barylýan ýerleriniň biridir. Özi-de Uzynadada ýurdumyzda ilkinji gezek iň çuň guýular burawlanypdy. Şeýle möhüm we jogapkärli işiň hut Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzalaryna ynanylmagy-da olaryň ýokary başarnygyna we hünär ussatlygyna berlen mynasyp baha bolupdy. Şunlukda, korporasiýada ilkinji gezek ene ýeriň ýedi müň metre golaý çuňlugyna ýetildi we nebitdir gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Geçen ýyllarda topar tarapyndan bu meýdançada şeýle guýularyň ikisi burawlandy we olardan çig malyň bol akymy alyndy.
— Biz häzirki günlerde Uzynadada taslama çuňlugy 6800 metre barabar bolan 16-njy gözleg guýusyny burawlamak işini üstünlikli alyp barýarys. Şu döwre çenli 5 müň metrden gowrak çuňluk burawlandy. Biz möhüm işleri bellenilen möhletinde, talabalaýyk tamamlamak üçin ähli tagallalary edýäris — diýip, Halmyrat Rozyýew ynam bilen aýdýar.
Möhüm işde tutanýerli zähmet çekmegiň mynasyp göreldesini görkezýänleriň arasynda buraw ussalary Myrat Joraýewiň, Yslam Soltanowyň, burawlaýjylar Alym Dathudaýewiň, Nurgeldi Ýazowyň, Döwlet Täçmyradowyň, inžener Umytjan Mustakowyň, burawlaýjynyň kömekçisi Annamyrat Gurbangeldiýewiň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Olaryň nusgalyk göreldesi kärdeşleri tarapyndan giň goldawa-da eýe bolýar. Şonuň netijesinde işler barha ilerleýär, arzyly sepgit barha golaýlaýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.