Habarlar

Demirgazyk Goturdepe känindäki nobatdaky guýudan nebitiň kuwwatly akymy alyndy

https://ussatnews.com/storage/posts/5489/original-1646fabdad05ac.jpeg

Demirgazyk Goturdepe käninde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň işgärleri tarapyndan ýakynda burawlanan № 392 guýusyndan kuwwatly nebit akymy alyndy.

Soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Demirgazyk Goturdepe käni bu taslamanyň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär. Uglewodorod çig malynyň baý gorlaryna eýelik edýän bu kände ýakynda № 392 ulanyş guýusynyň buraw işleri üstünlikli tamamlandy. Bu ýerde 4 müň 740 metr çuňlukdan «gara altynyň» kuwwatly akymy alyndy. Ulanyşa girizilen guýynyň debiti günde 57 tonnadan gowrakdyr.

«Ýugneftegaz» ukrain kompaniýasy bilen şertnamanyň esasynda bu guýynyň buraw işleri döwrebap buraw enjamlary arkaly geçirildi. Şol bir wagtda, buraw işleriniň barşynda birnäçe nebit plastlarynyň üsti açyldy. Bu bolsa, bir plastda çig mal tükenen halatynda, nebiti beýleki gatlaklardan alyp boljakdygyny aňladýar. Şunlukda, guýynyň ulanyş möhleti 15-20 ýyla barabar bolar.

Bu guýy fontan usuly arkaly ulanylýar, bu bolsa ykdysady taýdan bähbitlidir. Häzir bu ýerde taslama çuňlugy 4 müň 750 metr bolan № 365 guýuda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze guýular hem öndürijilikli bolar.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda «Goturdepe» buraw işleri müdirligi dag magdanlaryny burawlamak boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip, umumylykda 17 müň 550 metr burawlady. Şol bir wagtda burawlanan bäş sany guýynyň üçüsi senagat guýusy bolup durýar.

Häzirki wagtda Goturdepe meýdançasyndan alynýan nebit çig maly «Türkmennebit» DK tarapyndan çykarylýan «gara altynyň» jeminiň üçden birine barabardyr.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.