Türkmenistan we Eýran nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýärler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30 — 31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda geçiren gepleşikleriniň temalarynyň biri nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada boldy.
Ýangyç-energetika pudagy iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik pudak bolup, Türkmenistan hem, Eýran Yslam Respublikasy hem ony ösdürmäge möhüm ähmiýet berýärler.
Mälim bolşy ýaly, goňşy döwletler örän uly energiýa serişdelerine eýedir. Türkmenistan gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji ýurt bolsa, Eýran import etmek hem-de öz serhetleriniň çäklerinde akdyrmak üçin bir gije-gündizde «mawy ýangyjyň» 40 milliondan 50 million kub metrine çenli mukdaryny satyn almaga ukyply ýurtdur. Häzir Türkmenistan Eýrana hereket edýän swop shemasy boýunça gaz ugradýar, soňra EYR «mawy ýangyjyň» barabar mukdaryny Azerbaýjana eksport edýär.
Nebitgaz pudagynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlary soňky ýyllarda birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar 2022-nji ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy ýurda bolan resmi saparynyň barşynda üns merkezinde boldy, şeýle hem geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Eýranyň nebit ministri Jawad Owjy bilen Aşgabatda bolan duşuşygynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýangyç-energetika toplumynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy geljekde hem deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giňeltmek meýli Gahryman Arkadagymyzyň şu gezek Tährana amala aşyran iş saparynyň barşynda hem tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň barşynda taraplar söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habar berşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegine we üstaşyr geçirilmegine, eksportyň we importyň artdyrylmagyna, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy gi¬ňeltmek meseleleriniň çözgüdini işjeň¬leşdirmek teklip edildi.
Gaz alyşmak boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy, resminamalaryň bir toparyna gol çekildi, şeýle hem Bilelikdäki Jarnama kabul edildi, onda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nazara almak bilen, iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.
Eýran tarapynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda nebitgaz pudagynda gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmasy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumyna baran mahalynda hem beýan edildi. Onlarça kompaniýany özünde jemleýän bu toplumyň işi dürli ugurlary, şol sanda energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, nebitgaz hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, esasy we kömekçi enjamlary öndürmek ýaly ugurlary gurşap alýar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hem Tähranda eýranly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendigini aýtmak gerek, olaryň dowamynda birnäçe pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak barada alyp barýan syýasatyny nazara almak bilen, gaz ulgamynda hyzmatdaşlyga uly üns berildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandan Azerbaýjana gazy Eýranyň üsti bilen geçirmegiň üstünlikli tejribesi hem-de taraplaryň Türkmenistandan beýleki goňşy döwletlere hem gazy üstaşyr akdyrmaga taýýardygy bellenildi.
Eýranyň ISNA habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Eýranyň nebit ministri Jawad Owjy Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça wise-premýeri Batyr Amanow bilen duşuşygyndan soň iki ýurduň arasynda ýakyn wagtda gaz şertnamasyna gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigini hem-de oňa laýyklykda, eýýäm iýun aýynda Eýranyň Türkmenistandan bir gije-gündizde gazyň 10 million kub metrini satyn alyp başlajakdygyny gürrüň berdi. Şeýle hem ministr türkmen tarapy bilen geçirilen gepleşiklerde nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak babatda tehniki we inženerçilik hyzmatlarynyň eksporty boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berdi.
Tähranda bolan duşuşyklar Türkmenistanyň alyp barýan energetika syýasatynyň we onuň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny dünýä bileleşiginiň hyzmatynda goýmagy ugur edinýän iri möçberli taslamalaryň oňyndygyny we degerlidigini nobatdaky gezek tassyklady.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.