ALTYN ŞUGLALY ÝYLDYZ

13:09 18.01.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/572/original-160054224e996b.jpeg

 Beh, bu günleriň täsinligini diýseňizläň! Bir günüň buşlиgупуň ýakymyny kalbyňa doly siňdirip ýetişmänkäň, ertirki gün täze bir buşluk bagyşlaýar. 14-15-nji ýanwar günleriniň ýakymy özüňize belli. 16-njy ýanwarda bolsa türkmenistanly türgen gyzyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony diýlip уglan edilendigi baradaky hoş habary aldyk. Özi-de bu ýakymly wakalaryň her biri bir milletiň, bir döwletiň serhedinden has giň. Ählisi hem halkara çäkler bilen baglanyşýar. Görüň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly nähili şanly, nähili mertebeli ýyl!

 16-njy ýanwar güni «Watan» habarlar gepleşiginde eşiden hoş habaryňyz her biriňiziň kalbyňyzda begenç oýarandyr. Hawa, türkmenistanly agyr atletikaçy türgen Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempiony boldy. Özi-de bu derejä ýetip bilen ilkinji zenan türgenimiz. Munuň üstesine-de, 28 ýyldan soňra, ýurdumyza agyr atletika boýunça dünýä çempionlygyny getiren türgen. Bu — diýseň uly waka! Türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylmaga tüýs mynasyp waka.

                                                                        * * *

  2018-nji ýylyň noýabr aýy. Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty. Çempionatyň zenanlaryň arasyndaky ýaryşynda iň ýeňil agramda ýurdumyza wekilçilik edip, kümüş medal gazanan, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan 20 ýaşly türgen gyzy hemmeler uly şatlyk bilen gutlaýardy. Dünýäniň wise-çempionlygy! Kiçi-girim zatmy? Ýok, asla, kiçi-girim dereje däl. Bu her bir agyr atletikaçynyň iň uly arzuwlarynyň biri. Ýöne bu derejä eýe bolan türgeniň gözlerinde nähilidir bir bildirgisiz ahmyr bardy. Onuň gözleri okap bilene: «Kümüş medal hem erbet netije däl welin, men has ýokary netijä synanyşypdym. Başarmadym, öz ýurdumyzda geçirilen ýaryşda muny başarmadym. Başaryp bilerdim...» diýýärdi. Şol mahal Ýulduz bu ýagdaýyň günäkäri özüdir öýdýärdi. Ilki-hä, 45 kilogramdan ýeňil agrama düşmek üçin iýmek- içmekden doly diýen ýaly galan, soň hem dünýä çempionlygyny maksat edinip, oňa bir basgançak ýetip bilmedik Ýulduz hiç bir garşydaşyna-da şübhelenmedi. Niçiksi bolsa-da, onuň gazanan medaly içki dünýäsindäki dartgynlylygy ýuwdy. Hemmeler Ýulduzy dünýäniň wise-çempionlygy bilen gutlady. Ýöne ol özüni gutladymy? Ine, şol welin, belli däl.

 Asyl Ýulduzyň ýüregine şol gün düşen dowul ýönelige däl eken. Ol, aslynda, dünýä çempiony bolan eken. Ýöne Halkara agyr atletika federasiýasynyň dopinge garşy göreş bölüminiň hünärmenleri muny biraz soňra ýüze çykardylar. Niçik-de bolsa adalat, hakykat ýene tug bolup parlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bäşinji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji türkmenistanly zenan hökmünde taryha girdi.

                                                                      * * *

— Maňa muny 16-njy ýanwar güni ir bilen habar berdiler, Halkara federasiýadan ýörite hatyň hormatly Prezidentimiziň hut öz adyna gelmegi bolsa mende söz bilen düşündirip bolmajak tolgunma döretdi. Birbada özüm hem ynanyp bilmedim. Ynanamsoň bolsa, ilki bilen ejemdir kakama, ilkinji tälimçime buşladym — diyip, Ýulduz hoş habary eşiden ilkinji pursatlary barada gürrüň berýär.

Ýulduz Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýaşaýjylary Alymbaý Jumabaýew bilen Emine Kerimbaýewanyň dört perzendiniň iň körpesi. Onuň «ilkinji tälimçim» diýýäni bolsa, daýysy Zeripbaý Kerimbaýew bolmaly. Dünýä çempionynyň ata-enesidir ilkinji tälimçisiniň bu hoş habara be- genjini göz öňüne getirip görüň! Bu çempionlyk olaryň telim ýyllara uzaýan goldawynyň miwesi.

                                                                     * * *

Ýulduz ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşanda, heniz 15 ýaşyndady. Ýaryş kiçi-girim däl: ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty. Ilkinji halkara ýaryşynda 44 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýulduz iki görnüşiň jemi boýunça 116 kilogram agyrlygy eýgerip, uly geljeginiň bardygyny eýýäm şol günlerde görkezipdi. Şol ýyl Aziýa çempionatynda kä- bir ýagdaýlar sebäpli garaşylan netijäni görkezip bilmedik hem bolsa, ýaşlaryň arasyndaky Aziýa oýunlarynda ilkinji 10-luga girip, eýýäm netijesini ozalkylardan has gowulandyryp bilipdi.

Şondan soň halkara ýaryşlara üç ýyl arakesme beren Ýulduz 2016-njy ýylda yklym çempionaty bilen dolandy. Ilkinji halkara medalyny bolsa öz ýurdumyzda — Aşgabatda gazandy. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda paýtagtymyz- da agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçirilipdi. Ine, şol ýaryşda 48 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa bürünç medala mynasyp boldy. Şol ýyl Azerbaýjanda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda hormat münberine çykmaga sähelçe agramlygy ýetmedik hem bolsa, ýene-de paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem kümüş medal gazandy hem-de şahsy rekordyny goýdy. 48 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşda Ýulduzyň Aşgabat — 2017-de 186 kilogram agyrlyga erk edip bilendigini ýatlatmak isleýäris. Bir ýyldan soň, Dünýä çempiony bolup biljek 19 ýaşly türkmenistanly agyr atletikaçy gyzyň şol üstünligi yklym ýaryşynyň geçirilýän günlerinde dünýä metbugatynda hem dillere dessan bolupdy.

2018-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda hem bürünç medal gazanan ildeşimiz şol ýyl hormat münberine ýene-de Aşgabatda — Dünýä çempionatynda çykdy. Çempionatda türkmen agyr atletikasynyň Ýulduzy hormat münberiniň ikinji basgançagynda duran hem bolsa, ýene iki ýyldan gowrak wagt- dan soň, ol dünýä çempiony hökmünde ykrar ediljekdi...

Ýulduz şondan soň hem halkara ýaryşlaryň altysyna dagy gatnaşyp, şolaryň birinde kümüş (VI Halkara raýdaşlyk oýunlary — 2020), birinde bürünç medal (Kataryň kubogy — 2019) gazandy. Indi bolsa...

                                                                       * * *

Indi bolsa ol has uly bir ýaryşa — dünýäniň iň iri sport baýramçylygyna — Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başaran Ýulduz Jumabaýewa häzir Olimpiýa oýunlary- na gatnaşmaga iň ýakyn agyr atletikaçylarymyzyň biri. Ýöne öňde saýlama ýaryşlaryň ýene birnäçe- si bar. Olaryň ilkinjisi hem Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdiril- ýän Aziýa çempionaty.

— Şahsy görkezijileriňe seredýäs welin, iki görnüşiň jemi boýunça iň ýokary netijäň 189 kilogram. Eýsem, Olimpiýa medalyny gazanmak üçin bu görkezijini ýene näçeräk ösdürmeli bolar? — diýip, düýnki telefon arkaly söhbetdeşligimizde Ýulduzdan soradym.

— Iň bolmanda, 200 kilograma ýetmeli bolar. Häzir tälimçim Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda hut şunuň üçin türgenleşýäris. Umuman, paý- tagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýurdumyzyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlanmagy üçin ähli şertler döredildi. Şu ýyl tüweleme, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp biljek türgenlerimiziň sany ozalkylaryndan has kän. Bu bolsa ýurdumy- zyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyna bolan ynamymyzy has- da artdyrýar — diýip, ol sowalyma jogap berdi.

Ýulduzyň gürrüň berşi ýaly, türgenleşikler hepdäniň alty gününde alnyp barylýar. Duşenbe, çarşenbe we anna günlerinde iki gezek türgenleşilýän bolsa, sişenbede, penşenbede we şenbede bir türgenleşik bolýar. Her hepdäniň anna güni maksat edilen agyrlyk boýunça synag türgenleşigi geçirilýär. Ýulduzyň häzir öňünde goýan maksadyna juda ýakynlaşandygyny tälimçileri gürrüň berýärler.

                                                                  * * *

Agyr atletikanyň diňe bir Türkmenistandaky däl, eýsem, bütin Ýer ýüzündäki taryhynda hem öçmejek yz goýan Altymyrat Orazdurdyýew üç gezek dünýä çempiony bolupdy. Onuň soňky çempionlygyna şu ýyl 28 ýyl dolýar. Dogry, çempionlyk uzak garaşdyrdy, ýöne geldi. Dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa sport äleminiň gapysyndan ýaňy bir äňeden türgenlerimiz üçin täze gahrymana, täze göreldä öwrüldi. Iň esasy zat bolsa türgenlerimiz dünýä çempiony bolup boljakdygyna ynandylar, dünýänem ynandyrdylar. indiki maksat — Olimpiýa çempionlygy! Bu sepgit hem indi uzakda däl. Çünki Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşyp gören daşary ýurtly türgenlerdir tälimçileriň edil dil birikdiren ýaly aýtmagyna görä, türkmen türgenleri iň döwrebap şertleriň gurşawynda türgenleşýärler. Sportumyzyň hak Howandary — Gahryman Arkadagymyz olara giň mümkinçilikleri döredýär. Eger türgenlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylyna Olimpiýa medallaryny hem sowgat edäýseler, bu has ýakymly waka bolardy. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet». Belki..!

Agageldi ITALMAZOW.

          «Türkmenistan».

Başga makalalar
165bcdd8955012.jpeg
Durmuş hakykatyny ýazan

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


165a96965a6c7e.jpeg
GONŞULAR (Hekaýa)

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.

16229fa7e75bf6.jpeg
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:


16229f9e9aeedc.jpeg
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.