AÝDYM – ONUŇ ÝÜREK OWAZY - Ahmet ORAZGULYÝEWYŇ doglan gününe
Aýdym — adamlaryň göwün syrdaşy. Gowy aýdym ýa-da saz diňläniňde, göwnüň ylhamlanýar. Çünki aýdym-saz – kalplaryň melhemi.
Ine, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap medeniýet öýüniň baş hünärmeni, aýdymçy Ahmet ORAZGULYÝEWIŇ aýdymlary hem ynsan kalbyna mähir paýlaýar. Onuň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary diňleýjileri özüne çekýär. Bu-da biziň aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagymyza itergi berdi.
Ol durmuş ýoly, aýdym-saz sungatyna gelşi, halypalardan tälim alyp kämillige gadam urşy barada şeýle gürrüň berdi:
– Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman obasynda eneden doguldym. 1983-nji ýylda obamyzdaky 5-nji orta mekdebi tamamladym. Maşgalada sekiz çaganyň biri bolup ulaldym. Ýaşlygymdan kalbymda aýdymçy bolmak baradaky arzuwlarym şineledi. Kiçiligimden kakamyň, agamyň yzyna düşüp, oba medeniýet öýüne gatnardym. Şeýdibem 7 ýaşymda aýdym aýdyp başladym.
Ejebaý eje balalaryny söýgüläp, hüwdülän wagty onuň bokurdagyndan gaýnap çykýan ýakymly owaz töweregiň ünsüni özüne çekýär. Ahmet ilki mährem enäniň mahmal owazyna, soň doganlarynyň aýdym aýdyşyna goşulyşyp aýdym aýdar ekeni. Ol uly doganlary bilen halk sazlaryny diňlemäge ilgezik bolupdyr. Mekdepde okaýan döwri kakasy Allamyrat aga oglunyň dutar çalnanda sesiniň ýetdiginden halk aýdymlaryna hiňlenişini görüp, oňa dutar getirip berýär.
Ahmet şeýle ýatlaýar: «Halypa bagşylar Öwezgeldi Tekäýewiň, Atabaý Çarygulyýewiň aýdymlaryny diňlemekden lezzet alýaryn. 7-nji synpda okaýarkam şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Ömrüme pent» goşgusyny labyzly okardym. Şahyrlaryň goşgularyna hiňlendigim yzy aýdyma ýazardy. Çagalyk ömrüň ajap menzili bolýar. Ine, çagalyk döwrümizde aýdym-sazyň gudratyna maýyl bolup, ony kesp edip aldyk. Şeýdibem kämilleşmäge sary gadam basdyk».
Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girmegi Ahmediň sungat älemindäki ýolunda zehininiň taplanmagyna sebäp bolýar. Bu ýokary okuw mekdebinde ol halypalar Orazberdi Ärekow, Akmyrat Hakyýew dagynyň elinden sapak alýar.
«Aýdym-sazlarymyň ýerine düşmegini, şowly çykmagyny Gurban Gurbanow, Ahmet Eýýubow, Orazgeldi Baýçyýew ýaly sazandalar bilen işleşmegimde görýärin» diýip, ol gürrüň berdi.
Ahmet Orazgulyýewiň şahyr Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine «Türkmen bedewi», «Öňe, öňe, jan Watanym Türkmenistan», şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine «Gahrymanlar baky ýaşaýar» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýär. Muhammetgeldi Serdarowyň sözlerine we Togrulbeg Artykowyň sazyna «Aýdym aýdyň Arkadag hakda» diýen aýdymy hem diňleýjileriň köňül köşgünden ýer aldy. Aýdymçy 2005-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, 2011 – 2013-nji ýyllarda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.
Kalby öz kärine bolan söýgüden, ýaşaýan döwrüne bolan buýsançdan doly ýigit ýürek kelamyny şeýle beýan edýär:
– «Sungatyň dili hemmä düşnükli» diýilýär. Döreden aýdymlaryňa diňleýjiler laýyk bahasynam berýär. Aýdymlarym bilen il-günüme ruhy lezzet paýlap bilsem, edýän işimi üstünlikli tamamladym diýip düşünýän.
Sungat işgärleri döwrüň waspçysy. Medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürip, şan-şöhratymyzy dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimize bolan hoşallygymyz çäksiz. Aýdym-sazyň, sungatyň we edebiýatyň gadyr-gymmatynyň sarpalanýan döwründe ýaşamak biziň üçin ullakan bagt.
Aýdymçynyň sungatyna maşgalasynda hem sarpa goýulmagy uly bagtdyr. Gelnim Bägül, gyzym Aýgül, ogullarym Aýdyňmuhammet, Sahymuhammet sungatyň aşygy, aýdymlarymyň ilkinji diňleýjileri.
Aýdymçy sporty gowy görýändigini, boş wagtlary türkmen milli göreşine gatnaýandygyny hem ýatlady. «Dutar çalyp aýdym aýtmak esasy pişäm. Biziň gadymdan dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýolumyz bar. Aýdym-saz äleminde kämilleşmegimde Annaguly Babaýew, Akmuhammet Saparow, Saba Artykow, Nurmuhammet Meredow ýaly halypalaryň täsiri uly boldy. Olaryň aýdymlaryny diňlemekden lezzet alýaryn, halypalaryň sungatdaky ýoluny öz sungatymda dowam etdirýän. Ol aýdymlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, hormatly Prezidentimiziň, eziz Watanymyzyň waspyny ýetirýär».
Hawa, Ahmet Orazgulyýewiň ýakymly we belent sesi bar.
Biz hem okyjylarymyzyň adyndan zehinli aýdymçyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gytlap oňa döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.