Makalalar

«Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasy ilaty «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/5968/original-164f2b9dcb0acc.jpeg

Baýramaly şäheri welaýat boýunça ilaty «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde işleriň iň talabalaýyk guralan ýerleriniň biridir.

Biz «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasynda bolup, onuň başlygy Saparmuhammet ORAZBERDIÝEW bilen gürrüňdeş bolanymyzda:

— Şäherimiz gün-günden ösýär, giňelýär. Onuň çäklerinde täze ilatly ýerler emele gelýär. Tebigy gazyň sarp edilýän möçberem artýar. Şoňa görä, biz edaramyza degişli orta hem-de ýokary basyşly gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek, Milli maksatnamada bellenilen meýilnama laýyklykda, täze gaz geçirijilerini gurmak işlerini tapgyrma-tapgyr alyp barýarys. Ilatyň «mawy ýangyç» bilen üpjün edilişini has-da gowulandyrmak üçin işleri bildirilýän talaplara laýyk alyp barmakda «Marygazüpjünçilik» müdirligi bize uly ýardam berýär — diýip, gürrüň berdi.

Edaranyň gazçylarynyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanşanyňda, şäherde täze gaz geçirijilerini gurmak, ozalky ulanylýan gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji geçen hasabat döwri üçin bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilendigine göz ýetirýärsiň.

Gazçylar şäheriniň 11-nji ýaşaýyş jaý toplumynda, Milli maksatnama laýyklykda, uzynlygy bäş ýüz elli metr bolan orta basyşly eltiji gaz geçirijini hem-de bir sany gaz sazlaýjy enjamy gurup ulanmaga beripdirler. Diametri elli millimetr bolan bu gaz geçiriji täze emele gelen ilatly ýeriň hojalyklarynyň tebigy gazdan ygtybarly, bökdençsiz peýdalanmaklaryna şert döredýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda bu ýaşaýyş jaý toplumynda ýokary basyşly eltiji gaz geçirijiniň bir müň bäş ýüz segsen metrinde diametri segsen dokuz millimetr bolan turba bir ýüz elli dokuz millimetr bolan turba bilen çalşyrylyp, düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Munuň özi şu ýaşaýyş jaý toplumynyň hojalyklarynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen ýerine ýetirilen iri göwrümli işleriň biridir.

Şu ýylyň ikinji ýarymynda şäherde umumy uzynlygy dokuz ýüz metr bolan içki gaz geçirijilerini gurmaklygyň taslamasy hem taýýarlanyldy. Şol taslama esasynda şäheriň 11-nji we 12-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda pes basyşly gaz geçirijilerini gurmak işleri ýerine ýetiriler.

Şäheriň ilatynyň tebigy gaz bilen üpjün edilmeginiň hemişe talabalaýyk guralmagynda edarada köp ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän halypa gazçylaryň saldamly goşantlarynyň bardygyny aýtmak gerek. Olardan tehniki howpsuzlyk inženeri Berdimyrat Amansähedow, içeri öý gullugynyň slesary Reşid Abibulin, daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesary Taýmaz Bazarow, gaz hojalygynyň barlaýjysy Serdar Annadow, buýurmalary kabul ediji Çary Begnepesow dagy özleriniň baý iş tejribesi bilen edaranyň ýaş işçilerine hemişe zähmet göreldesini görkezýärler.

— Biz häzir gazçylar üçin möhüm hem jogapkärli döwür hasaplanylýan güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işlerini ýaýbaňlandyrdyk. Edaramyza degişli gaz sazlaýjy hem-de gaz paýlaýjy enjamlarda tehniki derňew we tehniki hyzmat işleri geçirilýär. Detallary ýaglamak, reňklemek işleri ýerine ýetirilýär. Şäheriň çägindäki ýerasty geçirijilerde gaz syzmalaryny anyklamak üçin barlag işleri alnyp barylýar. Gaz geçirijileri poslamadan goramak üçin ulanylýan katod stansiýalar, gatlalar tehniki taýdan pugta gözden geçirilýär. Munuň özi edaramyz boýunça möwsüme birkemsiz taýýarlyk görmegimize ýardam berer — diýip, «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň daşary gaz geçirijiler gullugynyň ussasy Durdymyrat Muhammedow gürrüň berýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

USSATNEWS.COM.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.