Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Onuň dowamynda zähmeti goramak we dolandyrmak, her bir işgäriň, hünärmeniň zähmet şertlerini, üpjünçiligini, howpsuzlygyny talabalaýyk guramak we başga-da ençeme wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Maslahatda «Işgärleri okatmak we görkezme-düşündiriş okuwlaryny geçirmek», «Iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmek we netijelerini resmileşdirmek», «Işleriň görnüşleri boýunça zähmet goragy bilen bagly gözükdirmeleriň işlenip düzülişi, olaryň işgärlere öwredilişi, tanyşdyrylyşy we saklanylyşy», «Zähmeti goramak, senagat we ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär bellemegiň tertibi» we beýleki temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Bulardan başga-da, okuw maslahatynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, önümçilikde howply ýagdaýlary duýdurmak, talabalaýyk zähmet şertlerini we tehniki howpsuzlygyny üpjün etmek, işgärleriň janyny we saglygyny goramak üçin zerur işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebap tehnikalar we tehnologiýalar bilen üstüniň ýetirilmeginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça geçirilýän çäreleriň has-da netijeliligini artdyrýandygy aýratyn nygtaldy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ylham Jumageldiýew, şol bölümiň hünärmenleri Azat Saparmuhammedow, Şöhrat Jumaýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde her bir raýatyň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap, ösen şertlerde zähmet çekmeginiň, ýaşamagynyň, dynç almagynyň hem-de hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini bellediler.
Okuw maslahaty iki gün dowam edip, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenler üçin iş tejribelerini artdyrmakda we paýlaşmakda netijeli boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.