Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine gatnaşar
17 — 20-nji sentýabr aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek täze oňyn başlangyçlary beýan ediler.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 — 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmek maksady bilen BMG-niň çäklerinde oňyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňagramly hem-de özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamaga yzygiderli gatnaşmak bilen anyk başlangyçlary öňe sürýändigini, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna geljegi nazarlaýan garaýyşlarymyzy, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.