Habarlar

«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/6025/original-16508683e41d30.jpeg

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň içerki sarp edijileri tarapyndan tebigy gazyň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak, konserniň kärhanalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olara dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler amala aşyrylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli we rejeli ulanmagyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, senagat pudagynyň okgunly ösüşini gazanmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmekde gaz pudagynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.