Türkmenistanyň wekiliýeti Rumyniýada energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
Sişenbe güni Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşyga gatnaşmak üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde boldy.
Mejlisiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi tassyklanyldy.
Türkmen tarapynyň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri nebit-gaz önümçiliginde we nebithimiýa pudagynda kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakdan we tehniki taýdan enjamlaşdyrmakdan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak üçin taslamalary durmuşa geçirmekden, şol sanda, benzin, dizel ýangyjy, awiasiýa kerosinini, polietilen, polipropilen we beýleki gaz-himiki önümleri öndürmekden ybarat bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, serişdeleri tygşytlaýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň tejribesiniň giňden ornaşdyrylandygy bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda degişli teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.