Makalalar

Ekologiýa taýdan arassa önümçilikler

https://ussatnews.com/storage/posts/6198/original-1653356cb8133a.jpeg

Ýurdumyzyň barha ösýän gazhimiýa toplumy barada oýlananyňda, Ahal welaýatynda milli baýlygymyz bolan tebigy gazdan benzin ömdürýän dünýäde ilkinji zawod, Gyýanlydaky polimer zawody ýaly iri önümçilik toplumlary göz öňüňe gelýär.

Gyýanlydaky Polimer zawody häzirki zamanda dünýä sarp edijnileriniň, önüm öndürijileriniň arasynda uly gyzyklanmadan we islegden peýdalanýan polietilen we polipropilen gerdejiklerini öndürýär.

Zawodda öndürilýän polipropilen we polietilen gerdejikleri zawodyň özünde öndürilýän ýörite haltalara gaplanan görnüşde Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Şweýsariýa, Marşall adalary ýaly ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda bu türkmen önümine bolan islegler beýleki ýurtlaryň sarp edijileriniň arasynda hem yzygiderli artýar.

Ýurdumyzyň gazhimiýa toplumynyň ýokary derejeli ösüşleri döwletimiziň tebigatyň türkmen topragyna eçilen baýlyklaryny bilelikde peýdalanmak, çig maly gaýtadan işlemek bilen, özümizde importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmak, ýokary hilli senagat önümleriniň eksport edilişini artdyrmak babatda öňde goýýan maksatlarynyň aýdyň amal bolýandygyny görkezýär.

Alijan Kurbanow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Başga makalalar
16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.

1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.