Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda elýeterli ýokary tizlikli Interneti ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi

https://ussatnews.com/storage/posts/62/original-15f82feb19f0e1.jpeg

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Wise-premýer B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynyň dokuz aýda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ýanwar-sentýabr aýlarynda ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça önümçilik meýilnamasy 117 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 103,4 göterim, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 116,3 göterim,“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 111,7 göterim ösüş gazanyldy, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary boýunça ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak babatda meýilnama degişlilikde 109,8 göterim we 100,1 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýlnama bolsa 115,3 göterim berjaý edildi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş 108,7 göterime ýetdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini, şol syýasatyň esasynda ykdysadyýetiň hem-de häzirki zaman jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyryp bilýän dolandyryşyň netijeli ulgamyny döretmegiň durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda döwlet edaralary, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barmagyň zerurdyyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere amala aşyrylýan işleriň depgininiň pesdigini aýdyp, sanly düzümleriň kemala getirilmegine aýratyn üns bermek bilen sanly ulgamy ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda elýeterli ýokary tizlikli Interneti ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, görülýän çäreleriň sanly ulgamy döretmäge ýardam berjekdigini, bilimiň we döwlet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny, telekeçilik işleriň giňeldilmegini üpjün etjekdigini, şeýle hem welaýatlaryň ösüşini tizleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz B.Öwezowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde örän ýakyn wagtda bu ugurdaky işleriň anyk möçberi hem-de olary ýerine ýetirmegiň möhleti baradaky maglumatlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa käýinç yglan etdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz ýakynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň geçirilendigini belledi. Onda başga işe geçmegi sebäpli, O.Suhanowy bu düzümiň ýolbaşçysy wezipesinden boşatmak we bu wezipä G.Akmämmedowy saýlamak hakynda çözgüt kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň çözgüdini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ussat news

Başga habarlar
16a32d629bbe91.jpeg
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.


16a2ae2673afe5.png
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary

Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.


16a28f7c330448.jpeg
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär

Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.

16a243c1341ebe.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16a24385f9fdbb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy

6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.