CNPC-niň ýolbaşçysy: Hytaý we Türkmenistan gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Siszýun çarşenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara konferensiýanyň umumy sessiýasynda eden çykyşynda Hytaý bilen Türkmenistanyň halkara energetika bazarynda möhüm rol oýnaýandygyny we bu ýurtlarda çuň strategiki ähmiýete eýe bolan ägirt uly hyzmatdaşlyk potensialynyň bardygyny belledi.
CNPC-niň ýolbaşçysy türkmen hyzmatdaşlaryny gaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge we energetika pudagynda täze ösüş nokatlaryny döretmäge çagyrdy.
Hou Siszýunyň aýdyşy ýaly, iki ýurduň baştutanlarynyň strategiki ýolbaşçylygy netijesinde gaz hyzmatdaşlygy tebigy gazy gözlemek we gazyp almak, onuň söwdasy, inženerçilik gurluşygy, tehniki hyzmat, enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek, ýaşyl pes uglerodly ösüş, işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlarda öndümli netijeleri gazandy.
2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli ýagdaýa görä, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky tebigy gaz söwdasynyň göwrümi 76 mlrd ABŞ dollary mukdaryndaky haryt dolanyşygy bilen 380 mlrd kub metrden geçdi.
Hytaý eýýäm 12 ýyl bäri Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşy, Türkmenistan bolsa Hytaýa turbogeçiriji gazy iň uly eksport ediji ýurtdur – diýip, CNPC-niň prezidenti belleýär.
Hou Siszýun iki ýurduň sosial-ykdysady ösüşine uly goşant goşmak üçin türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde iki döwletiň baştutanlary tarapyndan gazanylan möhüm ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, maliýe we tehnologiýa, bazar gurşawynda CNPC-niň artykmaçlyklaryndan, transmilli turbogeçirijileri gurmak we ulanylyşa girizmek mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga, has ýakyn energetika hyzmatdaşlygyny döretmäge taýýardygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol CNPC-niň Türkmenistan bilen gaz biznesini meýilleşdirmek, bioenergiýa, transporty elektrikleşdirmek, wodorod energetikasy we ş.m. ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.
Hou Siszýun CNPC-niň Türkmenistanda ýerli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýändigini sözüniň üstüne goşdy. 16 ýylyň dowamynda 56 müň türkmen işgäri taýýarlandy, 139 raýat bolsa HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin saýlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.