Serdar Berdimuhamedow täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Döwlet Baştutany täze energetika desgasynyň – Türkmenbaşy etrabynda guruljak kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan ýerine bardy.
Prezident bu ýerden sanly ulgam arkaly «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berdi. Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga berdiler.
Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbinaly energiýa bloklarynyň gurluşygyna hem-de hereket edýän elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna badalga berdi.
Soňra dabaralar Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde dowam etdi. Bu ýerde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen degişli durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy.
Döwlet Baştutany ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata berdi we ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda geljekki toplumyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndysy guýdy.
Soňra Serdar Berdimuhamedow kuwwaty 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi.
Döwlet Baştutany täze energetika desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi we ýagşy işlere we başlangyçlara ak pata bermek ýaly halkymyzyň nesilden nesle geçirip, dowamat tapan asylly däp-dessurlaryna laýyklykda, täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady we hormatly ýaşulular bilen bilelikde geljekki elektrik stansiýanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi.
Bu ýerde dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.