Türkmenistan içerki bazary nebit önümleri bilen doly üpjün edýär we olary daşary ýurtlara iberýär
"Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna" laýyklykda, ýurduň içerki bazaryny nebit önümleri bilen üpjün etmek, şeýle hem olary daşary ýurtlara ugratmak üçin öndürilýän nebit we gazhimiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek bilen, eýýäm häzir “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işlemegiň taslama kuwwaty Türkmenistanyň içerki bazaryny nebit önümleri bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem olary daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berýär.
Zawodlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen uly möçberdäki maýagoýumlary täze öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, çykarylýan önümiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny iň gowy dünýä ölçeglerine ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Şol taslamalaryň amala aşyrylmagy söwda-ykdysady gatnaşyklara täze itergi berdi.
Häzir dünýä bazarynda etilleşdirilmedik awtobenzinler, awiasiýa we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, ýeňil gazoýl, nebit elektrodly koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary hem-de ýurdumyzyň bu iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda öndürilýän beýleki nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalanýar.
Halkara hil ölçeglerine gabat gelýän ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri Russiýa, Özbegistana, Hytaýa, Türkiýä, Eýrana, Pakistana, Owganystana, Ýewropa we beýleki döwletlere eksport edilýär. Bularyň hemmesi söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gös-göni ýardam edýär.
Umuman, nebitgaz pudagynda Merkezi we Günorta Aziýanyň, şeýle hem Ýewropanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk edilmegi ýangyç-energetika toplumynyň we ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýetiniň eksport kuwwatynyň berkemegine ýardam edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.