Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamynda Malaýziýa bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi
Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Malaýziýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlyk häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek. Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutany belledi.
Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.
Kompaniýa köp ýyllardan bäri uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk edýär.
Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň Prezidentine Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaý dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.