Habarlar

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 11 aýda 6,3%-e deň boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/6433/original-165773a8f6ba78.jpeg

11 aýda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geçen anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,6 göterim artdy. Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim köpeldi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 96 göterim boldy.

2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,8 göterim, çykdajy bölegi 98 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberini artdyrmaga we maýa goýumlary has köp çekmek boýunça zerur işleri geçirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Prezident şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, medeni-durmuş, senagat, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk we dynç alyş merkezlerini, beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Önümçilik pudaklarynda öňdebaryjy usullar, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Serdar Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, indi ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny belledi. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2024-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmak zerurdyr.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.