Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti: Biziň Bitaraplygymyz — parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämiz

https://ussatnews.com/storage/posts/6444/original-16579da1825683.jpeg

Sişenbe güni, 12-nji dekabrda türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belläp geçdi.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada köpsanly watandaşlarymyz we myhmanlar, “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Halkara maslahatyna, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.

«Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýip Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna gutlagynda belleýär.

«Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy ýola goýup, özara bähbitli gatnaşyklaryň has netijeli ugurlaryny kemala getirmekde oňyn tejribe toplady» diýip döwlet Baştutany belleýär.

«Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr».

«Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy berkitmäge uly ähmiýet berýäris» - diýlip gutlagda bellenilýär.

«Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk boýunça biziň tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek barada öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýäde giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri hem halkara bileleşigiň biziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsidir» diýip Prezident belleýär.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde joşgunly konsert maksatnamalary, medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bilen utgaşdy.

Başga habarlar
16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.


16a5252e31c7f6.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy

11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a4cddceadee6.jpeg
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

16a4ccce8c2257.jpeg
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.


16a49ff9d592e7.jpeg
Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi.