Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Belent başy “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.
Ine-de, sabyrsyzlyk bilen garaşylan Aýazbaba we onuň ýoldaşlary çagalar şatlyk-şowhuna beslenen aýdymlary aýdyp, köpöwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen derwezeden girip “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança barýarlar. Şadyýan çykyşlar ýurdumyzyň Baş arçasy gurnalan meýdançany gurşap alýar. 2023-nji ýylyň we täze, 2024-nji ýylyň nyşanlarynyň keşbini janlandyrýan ýaşajyk artistler öz ajaýyp goşgularyny gyş gahrymanlaryna bagyşladylar. Paýtagtymyzyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen hemişe gök öwüsýän arçanyň töweregini ertekilerdäki ýaly baýramçylyk dünýäsine beslediler.
Aýazbaba we Garpamyk bu günki dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Olar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çagalar hakda edýän yzygiderli aladasy, ýurdumyzda körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Şu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde belent ruha beslenen Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi. Watanymyzyň çar ýanynda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, bagtyýar çagalaryň joşgunly cykyşlaryna giň orun berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary we süýjülikleri almak çagalar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara çagalar horeografiýa toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlan aýdymlaryny özünde jemleýän uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaryşlar ussatlary saýlady
Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.