Düzmergeniň ter kömelekleri
«Altyn-Nur Zamany» hususy kärhananyň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän ýyladyşhanasynda ösdürilip ýetişdirilen kömelekleriň bol we oňat hilli hasyly terligi bilen sarp edijilere ýetirilýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Öňdebaryjy ýyladyşhana indi ençeme ýyl bäri ilatymyza hyzmat edip gelýär. Şeýle-de, bu ýerde ter kömelekleri ýylyň islendik paslynda ösdürip ýetişdirmek üçin Hytaý, Ýaponiýa ýaly ýurtlardan satyn alnan öňdebaryjy tehnologiýalar ussatlyk bilen ýerlikli ulanylýar. Agrotehniki çärelerem awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, diňe hasyly ýygnap almak hem-de olary ýaraşykly gaplara gaplamak işleri hünärmenleriň el güýji bilen ýerine ýetirilýär.
Ekologiýa taýdan arassa, ýokumly, täsin nygmat hasaplanýan kömeleklere ýurdumyzyň ak bazarlarynda, söwda nokatlarynda islegler barha artýar. Hut şonuň üçinem hünärmenler alyjylaryň ösen isleglerini yzygiderli öwrenýärler. Ýygnalyp alynýan ter kömelekleriň belli bir möçberi aýna gaplarda konserwirlenen görnüşde taýýarlanylýar. Ýakyn wagtda olary daşarky bazarlara ibermek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.