Türkmenistanyň Prezidenti: nebiti gaýtadan işleýän zawodlary doly taslama kuwwatynda işletmek zerur
Prezident Serdar Berdimuhamedow 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebithimiýa senagatyny kämilleşdirmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek maksady bilen, döwlet konserniniň düzümlerinde zerur işler, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar.
Prezident hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda önümçilik kärhanalarynyň, hususan-da, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly taslama kuwwatynda işledilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany bu zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.