Habarlar

Dragon Oil kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy

https://ussatnews.com/storage/posts/6493/original-1658c14e73def8.jpeg

Dragon Oil kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy. Dabara kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Ali Raşid Al Jarwan we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow gatnaşdy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Türkmenistan bilen Dragon Oil kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mysaly bolup hyzmat edýär. Kompaniýa Türkmenistanda öz işini 2000-nji ýyldan bäri Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda alyp barýar. Onuň Türkmenistandaky işiniň esasy ugry “Jeýtun” we “Jygalybeg” nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod gazyp almakdyr. Kompaniýa taslama 8 mlrd ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.

Ýokary iş görkezijileriniň we üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama gol çekildi.

Dragon Oil uglewodorodlaryň ekologiýa taýdan howpsuz önümçiligine ünsi jemlemek bilen, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy adyny ýyl-ýyldan tassyklaýar. Ali Raşid Al Jarwan COP 28 konferensiýasynda Türkmenistandaky Dragon Oil-iň 2027-nji ýyla çenli öz önümçilik meýdançalarynda gazyň ýakylmagyny doly bes etjekdigini aýtdy.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.