“Türkmengaz” DK we ADNOC kompaniýasy ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, TDH habar berýär.
Resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Bu Ähtnama şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň «Galkynyş» gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr.
Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «First Abu Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk gazanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaýda “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşygynda nygtaýşy ýaly, nygtaýşy ýaly, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilendir.
XXI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu gaz geçiriji tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna, beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.
Türkmenistan BAE bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bütindünýä howa sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu iri halkara forumyň münberinden beýan edilen ähli başlangyçlaryň tutuş dünýäde bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine halkara dialogy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ählumumy metan borçnamasyna goşulan Türkmenistanyň bu ugurdaky maksada gönükdirilen işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigi bellenildi.
Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen baglylykda, ýurdumyzda birnäçe degişli milli maksatnamalar, şol sanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa kabul edildi. Bu resminamalaryň esasynda metan zyňyndylarynyň ýaramaz täsirlerini peseltmäge we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary nebitgaz, ulag, elektroenergetika ulgamlaryna, obasenagat toplumyna, gurluşyk senagatyna tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrmak we ulanmak barada barýar.
Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly beýan eden başlangyçlarynyň ählisi eýýäm şu ýyldan başlap yzygiderli durmuşa geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.