Habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary başlady

https://ussatnews.com/storage/posts/6546/original-165a08fea6e52d.jpeg

11-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary başlady.

Saparyň çäklerinde Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde, önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleri maslahatda garalan esasy ugurlar boldy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmagy, ýurdumyzyň dokma senagatynyň esasy çig mal binýady bolup durýan pagtadan alynýan hasylyň ýokarlandyrylmagy, bu ugurda welaýat häkimliginiň etraplar bilen ysnyşykly iş alyp barmagynyň wajypdygy barada öz maslahatlaryny berdi.

Soňky ýyllarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegi netijesinde, önümçilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Şol bir wagtyň özünde, milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy netijesinde, oba hojalyk pudagy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, sebitde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şeýlelikde, bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidir.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň häkiminiň orunbasaryna ýüzlenip, häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin ähmiýetli bolan çäreleriň yzygiderli guralmagy babatda degerli maslahatlaryny aýtdy. Munuň özi raýatlarymyzyň agzybirligini, bitewüligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şu ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden dabaralandyrylar. Onuň çäklerinde beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, alym Arkadagymyz halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijilige gol beren ýaşlar bilen duşuşyklarynyň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde, metbugat serişdelerinde, tele we radioýaýlymlarda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli habarlaryň taýýarlanylmagyna, özüne çekiji gepleşikleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, aýdym-sazly çykyşlaryň, amaly-haşam sungatynyň eserlerine bagyşlanan sergileriň geçirilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu işleriň ýurdumyzyň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna ýardam etjekdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň agzalary halk bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Onuň wekilleri halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, adamlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Mary welaýatynyň ýolbaşçylary öz aralaryna gelip, gymmatly maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.