Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen Brýusselde geçiriljek maýa goýum forumyna týýarlyk meselesini maslahatlaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany öňde boljak Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Bu forumy şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýussel şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini nygtap, ýurdumyzyň forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, onuň netijeleriniň Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal, häzirki zaman, durnukly we tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti netijeli duşuşyk üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň täzeçil çemeleşmeleriniň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirip, sebit derejesinde “Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary” (SECCA), “Merkezi Aziýada oýlap tapyjy ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamalaryň, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek Maksatnamasynyň (BOMCA-10), Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak Maksatnamasynyň (CADAP) üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynda — nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk, aragatnaşyk, kommunikasiýa ugurlarynda iş alyp barýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň türkmen kärdeşleri bilen netijeli gepleşikleri geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.